7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy we bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri girizildi.