Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär diýip, TDH habar berýär.
Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle-de uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär.
Häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär we bu çäre 24-nji fewrala çenli dowam eder. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça komitetleriň mejlisleridir ýygnaklary geçirilýär. Olarda kanun çykaryjy häkimiýetiň ýokary edarasynda halkyň bähbitlerine wekilçilik etmek ynanyljak dalaşgärler barada pikir alşylýar.