Türkmenistanyň Prezidenti EYR-niň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Aşgabatda açylan Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribä daýanýan ygtybarly binýadyny has-da berkitmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde bu giň möçberli serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.
«Iki halkyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hil taýdan täze itergi berilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi üçin zerur şertler döredilýär» – diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Şahsy taraplaryň salgyt hasaba goyulandygy hakynda şahadatnamasyndaky görkezilen hususy salgyt belgisi
Fiziki şahsyň ätiýaçlandyrýan hökmünde hasaba alnandygy hakynda şahadatnamasynda ýa-da Pensiýa ätiýaçlandyrmasy kitapçasynda görkezilen atly pensiýa hasabyň ätiýaçlandyrma belgisi