Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralary açylýar

16-njy fewralda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda sanly ulgam arkaly geçirilen çärä ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, degişli ministrlikleriň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


Yza

Şeýle hem okaň