Aşgabatda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Sergi gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergi merkeziniň giň zallarynda baýramçylyk ýagdaýy dabaralanýar. Döredijilik toparlary sergä gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylaýarlar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazaryny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmekde, daşarky söwdany giňeltmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Häzirki sergi milli söwda pudagynyň özboluşly gözden geçirilişi bolup, pudagyň ösüşiniň, içerki bazaryň, öndürijileriň eksport mümkinçilikleriniň ýagdaýlaryna baha bermäge mümkinçilik döredýär. Söwda toplumy durmuş taýdan abadançylygyň görkezijisidir, öndürijileriň hem-de sarp edijileriň hakyky we gündelik özara gatnaşyk etmeginiň ulgamydyr. Şeýle-de söwdanyň we hyzmatlaryň ösüşiniň ýokary derejesi durmuşa geçirilýän iri özgertmeleriň, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagynyň üstünlige beslenýändiginiň nyşanydyr.

Gözden geçirilişe söwda toplumynyň 100-den gowrak kärhanasy we düzümleri, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar. Sergi söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Häzirki wagtda olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, işlerini françaýzing usuly boýunça guraýarlar. Sergi zalynyň köp bölegi döwrebap söwda toplumyny ýatladyp, şol ýerde ter gök we miwe önümleri goýlan tekjeler, ýurdumyzda öndürilen azyk senagatynyň dürli harytlary, haly, dokma we beýleki önümler ýerleşdirildi.

Sergide asma petikleri, demir profilleri, kompozit materiallaryny, ýag we howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary öndürýän kärhanalaryň üstünlikleri görkezilýär. Şu ugra degişli kärhanalaryň hatarynda “Ak bulut”, “Sapaly jaý”, “Şanly mekan”, “Hindiwar”, “Türkmen senagat” we beýlekiler bar. Ozallar türkmen telekeçileri üçin ýükleri iberijiden alyja çenli diňe ýetirmegi guramak ýeterlik bolýardy. Indi bolsa harytlary daşamagy guramak boýunça hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, intermodal ýük daşamalara, gaplamalara, saklamak işlerine, harytlara we beýlekilere durnukly isleg emele geldi.

Ulag-logistika kompaniýalarynyň işleri bu ulgamda iri möçberli halkara taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sergi meýdançasynda “Hazar logistik” hususy kärhanasy ýük daşaýjy wagonlaryň we gämileriň maketlerini görkezdi. “Täç hil” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň sintetik ýuwujy we arassalaýjy serişdeler, kosmetika we parfýumeriýa önümler bazarynda täze önümlerini görkezýär. Kärhana himiýa ulgamyna degişli ýuwujy serişdeleriň giň görnüşlerinden başga-da, suwuk köpürjik sabynyny, aýna arassalaýjylary, howa tämizleýjilerini, aşhana plitalaryny arassalamak üçin serişdeleri, çyg süpürgiçleri hem-de polietilen gaplaryny öndürýär. Bu gezek ol serginiň myhmanlaryny täze önüm — awtoulaglaryň ýagdaýyna gözegçilik etmäge niýetlenen serişdeleriň tapgyry bilen tanyşdyrýar.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň sergi bölümi bu ýere gelýänleriň ünsüni çekýär. Ol häzirki zaman senagat we elektronika önümleri bilen bir hatarda, logistika we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatlary hödürledi. Bu hojalyk jemgyýetiniň harytlarynyň görnüşleriniň yzygiderli giňelýändigini hem-de iki SIM-kartaly ykjam telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, smart-telewizorlary, split-kondisionerleri, internet toruny paýlaýjy routerleri, şeýle hem içimlik suwy sowadyjylary we gyzdyryjylary özünde jemleýändigini bellemek gerek. Kompaniýanyň öndürýän suwuk kristal ekranly, 32 we 42 dýuýmly “Tolkun” hem-de 55 dýuýmly “Zemin” smart-telewizorlarynyň nusgalary degişli interfeýse hem-de dünýädäki şonuň ýaly önümlere mynasyp bäsleşip bilýän beýleki tehniki häsiýetnamalara eýedir.

“Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy, “Salam” hojalyk jemgyýeti we beýlekiler tarapyndan sanly tehnologiýalaryň we programma üpjünçilik ulgamynyň gazananlary görkezildi. “Maýam” kärhanasy häzirki zaman tehnologiýalary boýunça önümleri himiki usulda arassalamak babatda hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi barada maglumatlary berdi. “Çigildem” kärhanasynyň sergi bölümi täzeçil tehnologiýalar boýunça taýýarlanan ýumşak mebelleri hem-de ýatylýan otaglara niýetlenen toplumlary görkezdi. Çagalar meýdançalary üçin oýun toplumlaryny “Ak kent” hususy kärhanasy görkezdi.

Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň önümlerini, zehinli türkmen gelin-gyzlarynyň elleri bilen döredilen ajaýyp halylary, haly önümlerini görmek bolýar. Aşgabadyň “Abadan haly” halyçylyk kärhanasy sergide dürli halylary hem-de reňkleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan palaslary görkezdi. Köp bölegi ýerli çig malyň esasynda polipropilen ýüplüginden öndürilýän bu önümler diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar. Özi-de olary ýerlemekde sanly tehnologiýalar hem ulanylýar.

Sergi dokma we gaýyş önümçiliklerinde, däp bolan hünärmençilik ulgamlarynda gazanylan üstünliklere hem baha bermäge mümkinçilik döredýär. Bu ýerde Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynyň, ýurdumyzyň tikin fabrikleriniň täze önümleri görkezilýär. Telekeçiler zenanlaryň milli egin-eşikleriniň nusgalaryny — özboluşly nagyşlaryň gadymy nusgalary boýunça tikilen köýnekleri we donlary görkezýärler.

Döwrebap egin-eşikleriň ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan döredilen täze nusgalar toplumynyň görkezilişi sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Milli lybaslaryň gadymy däplerini hem-de biçüwiň we bezemegiň häzirki ýagdaýlaryny özünde jemläp, bu işler biziň matalarymyzyň diňe bir ýokary hiliniň däl, eýsem, gaýtalanmajak derejesiniň, şoňa görä-de, türkmen modasynyň aňsatlyk bilen tanalýan görnüşiniň iň oňat mahabatyna öwrüldi. “Dizaýn plus” döredijilik birleşmesi milli öwüşginlerde bezelen özboluşly ýadygärlik we sowgatlyk önümlerini görkezdi.

Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki söwda öýleri hem diwarlyklaryny taýýarladylar. Soňky ýyllarda Özbegistanda, Türkiýede, Russiýada, Belarusda we birnäçe beýleki döwletlerde ýurdumyzyň söwda wekilhanalarynyň açylandygyny bellemek gerek. Bu edaralaryň üsti bilen ýokary hilli senagat we oba hojalyk önümleriniň amala aşyrylýan söwdasynyň depgini barha artýar.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda portalyny işe girizmek dabarasy boldy. Ol biziň döwletimiziň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegine ýardam bermek, hususan-da, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça teswirnamany ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça konferensiýasynyň tehniki taýdan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilen onlaýn platforma ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategik häsiýete eýe bolan harytlar toparynyň eksporty, importy we üstaşyr iberilmegi baradaky maglumaty özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň, halk hojalyk toplumynyň işlerine bazar gurallarynyň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň ösmegine, onuň eksport kuwwatynyň artmagyna ýardam edýändigini bellemek gerek. Munuň özi içerki söwdanyň deňsiz-taýsyz ösüşinde-de beýanyny tapýar. Şunda bäsdeşlige ukyplylyk ýagdaýy kemala geldi, telekeçilik işjeňligi aýdyň ýüze çykdy, işewürligi guramagyň hem-de hyzmatlary hödürlemegiň häzirki zaman usullary netijeli ulanylýar.

Başgaça aýdylanda, häzirki sergi täze üstünlikleri gazanmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, jemgyýetimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen anyk hereketleri ýerine ýetirmäge itergi berýär.

Sergi ertir öz işini dowam eder. Forum tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşurylar.


Yza

Şeýle hem okaň