04 Aprel 2023
762
Baýramaly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 19-njy aprelinde Baýramaly etrap medeniýet bölüminde sagat 09:00-dan
12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini
habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Baýramaly
şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 17-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993564-6-26-76
+993564-6-04-03
Okamak