Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Biz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 463 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekýändigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezme berildi. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle-de beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň üç aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Şu döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam berdi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 7-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 105-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2023-nji ýylyň üç aýyndaky ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynda, elektrik energiýasynyň, beýleki önümleriň öndürilişinde ösüş depgini üpjün edildi.

Ulag we aragatnaşyk pudaklarynda durnukly görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýolagçy gatnatmak hem-de ýük daşamak boýunça oňyn görkezijileriň üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 11,8 göterim artdy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň öndürilişi ýokarlandy. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda gazanylan görkezijiler barada hem habar berildi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek babatda işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi hem-de maliýe-býujet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen, ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 115,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,9 göterime, çykdajy bölegi bolsa 96,5 göterime deň boldy.

2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda balans toparlarynyň 26 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň mejlisleriniň 21-si geçirildi. Şeýle hem döwlet emlägini hususylaşdyrmak baradaky maglumatlar beýan edildi.

Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 13,7 göterimine barabar boldy. 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy 10,7 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi önümçilik, 55,2 göterimi medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 53,8 kilometri, ýaşaýyş jaýlarynyň 126,1 müň inedördül metri, aragatnaşyk ulgamlarynyň 134,4 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we beýleki maksatly dürli desgalarda gurluşyk işleri dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şu ýylyň birinji çärýeginde ýetilen sepgitlerden ugur alyp, makroykdysady durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmegiň, pudaklarda önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” hasabat döwründe ýerine ýetirilişini düýpli seljermek babatda görkezme berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän pudaklarynyň 2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirilip, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,5 göterim, daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň meýilnamasy 102,8 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçiligini artdyrmak we kuwwatynyň ulanylyşyny gowulandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Şu ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin işleri alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow belledi we Hazar deňzinde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, daşarky maýa goýumlary çekmek bilen, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýere şu ýylyň aprel aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek halkara maýa goýum forumyna gowy taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar — mart aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 116,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 108,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 107,1 göterime, nah matalaryň önümçiligi 114,4 göterime, tikin we trikotaž önümleri 101,6 göterime, gön önümleri 118,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 114,2 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 73-si geçirilip, 7 müň 366 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 132 göterime deň bolup, sergileriň 3-si we forumlaryň 13-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 122,7 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 107,2 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak, olaryň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň işini talabalaýyk guramagyň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şeýle-de bazarlarda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän we azyk harytlarynyň üpjünçiligini durnukly saklamak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Dokma pudagynyň uly mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýokary hilli we döwrebap dokma önümleriniň önümçiligini yzygiderli artdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, halkara tejribeden ugur alyp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça hem çäreleri görmek barada görkezme berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim özgertmeleriniň çäklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işinde giňden ulanyldy, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi. Halkara ders hem-de internet olimpiadalaryna gatnaşan ýurdumyzyň okuwçylarydyr talyp ýaşlary ýokary netijeleri gazandylar. Ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler dowam etdirilip, doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary boýunça işler alnyp baryldy. Ylmyň dürli ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura girmäge, alymlyk derejelerine dalaşgärler hasaba alyndy. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreler — ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, edebiýat agşamlary geçirildi.

Hasabat döwründe dürli keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe Türkmenistanyň türgenleri tarapyndan halkara ýaryşlarda 80 medal gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaz paslynyň gelmegi bilen, raýatlaryň saglygyny goramakda, ýiti ýokanç we ýokanç däl hem-de möwsümleýin keselleriň öňüni almakda geçirilýän işleri aýratyn üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Göni öndürijilerden satyn almak arkaly saglygy goraýyş edaralaryny, ilaty lukmançylyk we derman serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Mekdep okuwçylaryny, talyplary we beýleki ýaşlary sagdyn durmuş kadalaryna endik etdirmek hem-de olaryň bilimini kämilleşdirmek üçin zerur işleri dowam etdirmeli. Okuwçylaryň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramak üçin häzirden degişli işleri geçirip başlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe dürli medeni çäreler, şol sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, milli senenamanyň şanly senelerine bagyşlanan çäreler guraldy, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen hünärmenleri Monakoda, Azerbaýjanda, Eýranda, Russiýada, Wengriýada, Gazagystanda, Özbegistanda, Fransiýada, Italiýada we Koreýa Respublikasynda iş saparlarynda boldular.

Şeýle hem şu ýylyň martynda Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler we döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeler baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňümizdäki iş meýilnamalaryna ünsi çekdi hem-de ýaz-tomus möwsümleriniň başlanmagy bilen, medeniýet edaralarynda, teatrlarda medeni-köpçülikleýin çäreleri talabalaýyk guramagyň, konsertleri we teatrlaşdyrylan dabaralary yzygiderli geçirip, çagalar üçin oýunlaryň, sahnalaryň, tomaşalaryň sanyny artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, taryhy ýadygärlikler, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrýan içerki we daşarky syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistana gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ministrlik tarapyndan geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, degişli toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna we Katar Döwletine döwlet saparlaryny, Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary hem-de Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Şu ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerinde we Türkiýe Respublikasynda saparda bolandygy bellenildi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler ýurdumyzda saparda boldular. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýyla meýilleşdirilen halkara çärelere taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirilýär. Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda RF-niň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň parlament wekiliýetiniň Aşgabatda saparda bolandygy bellenildi.

Degişli döwürde DIM-niň ugry boýunça ýurdumyza daşary ýurt wekiliýetleriniň 103-si geldi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň wekiliýetleri 175 gezek daşary ýurtlara ugradyldy. Onlaýn görnüşde dürli derejeli duşuşyklaryň 170-si geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikde birnäçe resmi gepleşikler, duşuşyklar guraldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 83 resminama bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli esasda geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek bilen baglanyşykly yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu ýyl bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň birnäçe mejlisleri, işewürlik duşuşyklarydyr forumlar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri hem-de iri halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk edip gelýändigini belledi. Bu ugurda biziň ýurdumyz yzygiderli çäreleri geçirýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli, dostlukly gatnaşyklary berkidýär, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Watanymyzyň daşary syýasat ugruny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň, onuň parahatçylyk dörediji kuwwatyny amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda gurluşyk we senagat toplumy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 109,2 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,5 göterime barabar boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 120,7 göterim amal edildi. Energetika ministrligi ýanwar — mart aýlarynda önüm öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny 110,1 göterim üpjün etdi.

Elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 101,7 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 100,5 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,5 göterim üpjün edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar baradaky meýilnama 113,1 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň, himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanyp, olaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmalydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini artdyrmagyň, ylmy taýdan esaslandyrylan, döwrebap senagat ugurly önümçilikleri ýola goýmagyň wajypdygy nygtaldy. «Türkmenturba» zawodynyň çig-mal we sarp ediş serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmaly. Öndürilýän polietilen we polipropilen turbalarynyň önümçiligini yzygiderli artdyryp durmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda göz öňünde tutulan binalarda we desgalarda gurluşyk-gurnama işleriniň öz wagtynda başlanmagyny, talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, şu ýyl gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň tassyklanan sanawyna laýyklykda, gurluşyk-gurnama işleriniň depginine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzyň häkimliginiň 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Aşgabat şäher häkimliginiň garamagynda bolan hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalar we edaralar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 113,1 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 102,8 göterim berjaý edildi. Şu ýyl paýtagtymyzda birnäçe durmuş we beýleki maksatly desgalary ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, şäher infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Hasabatyň çäklerinde şu ýylyň birinji çärýeginde şanly seneler mynasybetli Aşgabatda guralan medeni-köpçülikleýin çäreler barada-da habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu ýyl gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň tassyklanan sanawyna laýyklykda, häkimligiň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle-de paýtagtyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän we azyk harytlarynyň üpjünçiligini durnukly saklamak, haryt bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmek barada görkezme berildi. Hormatly Prezidentimiz ilatyň bökdençsiz agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, döwrebap we elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, döwlet gorundaky ýaşaýyş jaýlarynyň talabalaýyk saklanylmagyny üpjün etmeli. Olarda wagtynda abadanlaşdyryş işleriniň geçirilmegini, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini hem-de ilata awtoulag hyzmatlarynyň kadaly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamaly.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 122,3 göterime barabar boldy. Bu görkeziji awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamak boýunça 102,8 göterime, ýolagçy gatnatmak boýunça 106,7 göterime deň boldy.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 103,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 126,6 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 283,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça hem 111,8 göterime barabar boldy. Şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu ulgama degişli durmuş we önümçilik maksatly birnäçe desganyň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada aýdyp, içerki, üstaşyr we halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyryp, ýük dolanyşygyny ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze üstaşyr ulag geçelgelerini döredip, ýolagçy gatnawlarynda howpsuzlyk çärelerini üns merkezinde saklamagy hem tabşyrdy.

Içerki demir ýollaryň durkuny täzelemek we maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz agentligiň ýolbaşçysyna elektrikleşdirilen demir ýol ulgamyny gurmagyň halkara tejribesini öwrenip, bu işleri ýurdumyzda durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda döwrebap gämileri we läbik sorujylary gurmagy ýola goýmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, zerur bolsa, bu ugurda tejribeli daşary ýurt hünärmenlerini işe çekmegiň möhümdigi nygtaldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Mejlisiň Başlygy, ilki bilen, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, geçirilen işleriň netijesinde taýýarlanylan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” we “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary umumyhalk maslahatynda makullanyldy. Garalýan döwürde “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy, şähergurluşyk işi, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Kanunlar kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen taýýarlanylan “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Mejlisiň deputatlary halkara çäreleriň we okuw maslahatlarynyň 24-sine gatnaşdylar. Dünýä döwletleriniň parlament wekilleri hem-de ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan duşuşyklaryň 16-sy geçirildi. Häzirki wagtda milli parlamentiň deputatlary hormatly Prezidentimiziň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işleri dowam etdirýärler.

Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatdaky döwlet kärhanalary tarapyndan senagat önümleriniň öndürilişi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 göterim artdy, içerki söwda dolanyşygynyň möçberi 109,4 göterime deň boldy.

Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bu maksatnama laýyklykda, welaýatda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Welaýatyň meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň hasyly üçin 195 müň gektar bugdaý ekilen meýdanda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini öz wagtynda tamamlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde degişli döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama ýerine ýetirilýär. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda medeni-durmuş, inženerçilik-tehniki we ýol düzümleriniň desgalarynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

Bellenilişi ýaly, welaýatdaky döwlet kärhanalary tarapyndan senagat önümlerini öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,3 göterim ösüş gazanyldy. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň görkezijisi 109,4 göterime deň boldy. Sebitiň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük bugdaýa, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama ýerine ýetirilýär, welaýatda durmuş, inženerçilik-tehniki we ýol düzümleriniň desgalarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Sebitiň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen 145 müň gektar meýdanda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny netijeli ulanmak arkaly gowaça ekişi giň gerimde dowam edýär. Şu ýyl gowaça ekmek üçin 140 müň gektar ýer bölünip berildi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Senagat önümleriniň önümçiliginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 111,8 göterim ösüş gazanyldy. Welaýatda içerki söwda dolanyşygynyň möçberiniň görkezijisi 109,7 göterime deň boldy. Şeýle hem şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerini bellenilen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Welaýatyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaýa, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Gowaça ekişi guramaçylykly geçirilýär.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Welaýatda senagat önümleriniň önümçiligi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,9 göterim artdy. Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde durmuş we inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalarynyň gurluşygy dowam edýär, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama ýerine ýetirilýär.

Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Welaýatda şu ýyl 162 müň gektar meýdanda gowaça ekmek meýilleşdirilip, häzirki wagtda bu möhüm möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda geçirilen işleriň jemleri hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Tutuşlygyna obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,7 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 100,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,1 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda azyk önümleriniň önümçiligi boýunça görkezijileri barada hasabat berdi. Hususan-da, gök önümleriň öndürilişiniň meýilnamasynyň 104,7 göterim, bugdaý ununy öndürmegiň meýilnamasynyň 103,1 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 301 göterim berjaý edildi. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça anyk işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine ýaz paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzda ýeralma, beýleki gök-bakja ekinlerini ýetişdirip, amatly bahadan içerki bazarlary üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, tohumçylygy gowulandyryp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir. Ýurdumyzda suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli çäreleri görmek barada hem görkezme berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda sebitler boýunça göz öňünde tutulan binalarda we desgalarda gurluşyk-gurnama işleriniň wagtynda başlanmagyny, talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Mundan başga-da, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine sebitler boýunça ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda oba hojalyk ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu işleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirip, ekinlerden ýokary hasyl almak üçin, ähli tagallalary etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2023-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa 10 göterim ýokarlandyryldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyklary dowam etdirilýär. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny, beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga-da taýýarlyk görülýändigini nygtady.

Häzirki döwürde biz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleri geçirmelidiris. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlarymyza, Aşgabat şäheriniň gününe hem-de beýleki senelere gowy taýýarlyk görmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmegi we öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmak syýasatyny dowam etdirmegi, maýa goýumlary çekmegi, gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleriň möçberini artdyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işleri geçirmek, hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmek wajypdyr.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň