Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň düzümine saýlanan wekilleri bilen geçiren mejlisinde öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlaryna degişli kanunlaryň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň Mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, türkmen parlamentarileri ÝHHG-niň we BMG-niň ugry boýunça geçirilen duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdylar. Şeýle-de Mejlisiň wekilleri Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa meseleleri boýunça merkezi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda boldular.

Hormatly Prezidentimiziň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda bellenen wezipeleri hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatyny wagyz etmek, düşündirmek maksady bilen, deputatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow D.Gulmanowa ýüzlenip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirendigini we bu mejlisde Milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň döwlet edaralarynyň işiniň esaslaryny kesgitleýän kanunçylygy has-da kämilleşdirip, eziz Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmalydygyny, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň netijeli ulgamyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmelidigini, olaryň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň sazlaşykly işi esasynda alnyp barylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kabul edilen kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz wagtynda kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmelidiklerini, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalarda bellenen özgertmeleriň hukuk esasyny döretmegiň, pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmegiň Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji nobatdaky işleriniň biri bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmelidigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, bank ulgamyny ösdürmek hem-de bu ulgamda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň bank ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekdi we bu babatda ýerine ýetirilýän işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, ilatymyzy ýangyç serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, sarp edijilere bu ugurda döwrebap derejede hyzmat etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işleriň netijeliligini artdyrmak hem-de hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagynyň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere ilatymyzy ýangyç serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrligiň garamagyndaky önümçilik kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hil derejesini halkara standartlara we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, senagat, gurluşyk önümçiligi babatda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak we olaryň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de senagat we gurluşyk pudagyny has-da ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine täzeçil çemeleşmegiň, onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň, ulgama degişli edara-kärhanalaryň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, degişli Ylalaşyga laýyklykda, Söwda merkezini ilkinji tapgyrda Daşoguz — Şabat serhet ýakasynda döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki dostlukly ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlarynyň dowamynda birnäçe ylalaşyklaryň gazanylandygyny, şol sanda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşyga gol çekilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Şeýle hem wise-premýer “Türkmen-özbek söwda öýi” bilelikdäki kärhanasy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň örän möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu ugurda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işleri üstünlikli dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde, Paryzdepe ýadygärliginiň töwereginde ýerleşýän kärizler toplumynda özboluşly täsin gurluşa eýe bolan bir käriziň, şeýle hem Abiwerd galasyndan syrçalanan keramika önümleriniň bölekleriniň, Daňdanakan galasyndan orta asyr ýazuw çeşmelerinde beýan edilýän metjidiň ýerleşen ýeriniň tapylandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda, dikeltmekde, olary geljek nesillere ýetirmekde birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Munuň özi “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň mart aýynda geçirilen “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyň ähmiýetini belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, dikeltmek, abatlamak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, adamlaryň saglygyny berkitmek hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri amala aşyrmakda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi, keselleriň öňüni almak, saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça Diýarymyzyň mümkinçiliklerini giňeltmekde köp işleriň durmuşa geçirilýändigi, soňky ýyllarda keselleri anyklamak we bejermek işiniň kämilleşdirilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ugurda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini ulanmak arkaly ilatymyzyň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmagyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň birnäçe iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, 17 — 19-njy aprelde Şweýsariýa Konfederasiýasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Şol çäreleriň hatarynda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) ministrler derejesindäki duşuşygy bar. Onuň çäklerinde bu Maksatnama gatnaşyjy döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygy, SPEKA gatnaşyjy ýurtlaryň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda interaktiw dialog boldy. Mundan başga-da, SPEKA-nyň çäklerinde işleýän döwletleriň we beýleki ýurtlaryň Ženewadaky hemişelik wekilhanalarynyň, halkara hem-de hökümete degişli bolmadyk guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Ministrler derejesindäki duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

18-nji aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisine gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu ugurdaky giň möçberli işleri, şol sanda metanyň zyňyndylaryny azaltmak we wodorod energetikasyny ilerletmek boýunça alyp barýan işleri beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, bu şäher sanly we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmagyň üstünlikli mysaly bolup biler. Saparyň çäklerinde BMG-niň Ženewa şäherindäki edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Bütindünýä Intellektual Eýeçiligi Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň, birnäçe ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen teklipler hödürlenildi. Bitarap Watanymyzyň netijeli sebit we ählumumy başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň SPEKA başlyklyk etmegi we degişli konsepsiýanyň işlenip taýýarlanylmagy boýunça işleri geçirmek teklip edilýär.

Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet ugrunda alnyp barylýan işlere bagyşlanan “tegelek stol” duşuşygyny geçirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Bütindünýä Intellektual Eýeçiligi Guramasynyň akademiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyz bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, ykdysadyýet we durmuş ulgamy, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Sanlylaşdyrmak, ekologiýa ulgamlary bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Bu ugurlarda ýurdumyz milli derejede sanly we “ýaşyl” tehnologiýalary yzygiderli ilerletmek bilen, başlangyçly esasda çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen agzalan ulgamlarda, şeýle-de beýleki ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýändigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli işleri yzygiderli we toplumlaýyn esasda dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, demir ýol ulagynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak, ýükleri daşamak işinde öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, pudagyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumynda demir ýol ulagynyň möhüm orun eýeleýändigini, onuň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň wajyp wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň