11 Maý 2023
270
10-njy maýda Duşanbe şäherinde ýokary derejeli türkmen-täjik gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri dogrusynda pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça iki döwletiň arasyndaky möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine itergi bermäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň arasynda «Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş bilen üpjünçiligi ministrligi bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama» hem bar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda jemi 23 sany hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi.