11 Maý 2023
1004
Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenabat şäheriniň
Magtymguly köçesiniň 2-nji
jaýynda ýerleşýän Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde sagat 10:00-dan
12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar
berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Türkmenabat
şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy
Habarlaşmak üçin
telefon belgiler:
+99342231728.