Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden bellenilýär

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna jogapkär orunbasary Mährijemal Mämmedowanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berşi ýaly, şanly sene mynasybetli Aşgabat şäherinde we welaýatlarda maslahatlary, sergileri, duşuşyklary we beýleki baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu gün habar bermegine görä, Aşgabatda Konstitusiýa binasyna we Türkmenistanyň Baş baýdagynda gül goýmak dabarasy, sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda Esasy Kanunyň we ýaşyl tuguň ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň, halkyň agzybirliginiň, jebisliginiň, onuň parahatçylyk we ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň nyşany bolup durýandygyny nygtady. Bu mizemez ýörelgeler döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Baýramyň jemgyýeti jebisleşdirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetini belläp, döwlet Baştutany wise-premýere ähli meýilleşdirilen dabaralara taýýarlygyň we olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ýurtda goşa baýramçylyk hökmünde 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan bäri bellenilip gelinýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary geňeşiniň 14-nji mejlisinde kabul edildi. Ol özbaşdak Türkmenistanyň kanuny esaslaryny beýan edýän Esasy Kanun bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ählumumy abadançylygyň we ösüşiň çäginde gatnaşyklary we döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Konstitusiýada adamyň gymmaty nygtalýar, şeýle hem milli kanunçylygyň we halkara adam we raýat hukuklarynyň kadalaryny beýan edýär.

Türkmenistanyň Baýdagy 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda tassyklandy.


Yza

Şeýle hem okaň