22 Maý 2023
197
Noýabr aýynda Türkmenistanyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumy geçiriler. Şeýle başlangyjy 18-nji maýda Sian şäherinde geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa—Hytaý» sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňe sürdi.
Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa we Hytaý halklarynyň görnükli alymlary, oýlap tapyjylary, akyldarlary dünýä berendigini we bu ýurtlaryň halklarynyň iň baý medeni hem-de ylmy däpleriň mirasdüşerleri hem-de saklaýjylary bolup durýandygyny aýtdy.
«Ine, şoňa görä-de, biz bu gyzyklanmalary höweslendirmelidiris, yzygiderli esasda giňden medeni we ylmy alyşmalara işjeň ýardam bermelidiris» — diýip, Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda belledi.
Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetinden ugur alyp, ýurtlaryň arasynda ylmy we bilim gatnaşyklaryny ösdürmegi goldaýandygyny nygtady.