25 Maý 2023
158
Aşgabatda Mümkinçiligi çäkli ýaşlar üçin adam hukuklary boýunça mekdebiň çäginde treningler geçirilýär. Okuw Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa üçin Sebit bölüminiň howandarlygynda guralýar.
Trening ýaş ýetginjekleriň 18 sanysyny BMG-niň Adam hukuklary hakyndaky Konwensiýasy, onuň düzgünnamasy, şeýle hem maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramaga esasy çemeleşmeleri bilen tanyş eder.
Treningiň birinji tapgyry 10—13-nji aprelde geçirildi. Tamamlaýjy okuw geçirilenden soň Mekdebiň maýyplaryň hukuklaryny goramak boýunça dürli kampaniýalary guramagy öz içine alýan amaly bölümi işe başlar.
«Mümkinçiligi çäkli ýaşlar üçin Adam hukuklary boýunça mekdep» taslamasy şu ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa üçin Sebit bölümi tarapyndan işe girizildi.
Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi Adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnamanyň 75 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir.