Türkmenistan BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat adalaty geňeşiniň 32-nji sessiýasyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary Begenç Gurbangulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat adalaty geňeşiniň (CCPCJ) 32-nji Sessiýasyna gatnaşýar. Bu barada Wenadaky türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Sessiýanyň 2023-nji ýylyň 22-nji maýynda başlan işi 26-njy maýa çenli dowam eder. Belläp geçsek, Geňeş tarapyndan şu ýyl «Adalat ygtyýaryny üpjün etmek we howpsuz we goragly jemgyýeti gurmak üçin jenaýat kazyýet ulgamynyň işini gowulandyrmak» mowzugy ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlisiň açylyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň Başlygy Çaba Kereşi, EKOSOS-yň Başlygy Luçezara Stoýewa, UNODC-niň ýerine ýetiriji direktory Gada Wali, CCPCJ-niň 32-nji Sessiýasynyň Başlygy Meri Mugwanýa çykyş etdi.

Çykyşlarda jenaýatçylyga garşy global tagallalary ösdürmekde we jenaýat adalatyny üpjün etmekde Iş toparynyň möhüm orny bellenildi. Begenç Gurbangulýew öz çykyşynda Türkmenistanyň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmekdäki oňyn ornuna ünsi çekdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, ýurtda guramaçylykly jenaýatyň ähli görnüşlerini ýok etmek üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Terrorçylyk, adam söwdasy, korrupsiýa, bikanun neşe dolanyşygy ýaly guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek üçin Milli maksatnamalaryň kabul edilmegi muny subut edýär.


Yza

Şeýle hem okaň