29 Maý 2023
257
Türkmenistanda Gurban baýramy şu ýylyň 28-29-30-njy iýuny günlerinde belleniler. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde habar berildi.
Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa gözegçilik edýän medeniýet ulgamy boýunça şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.
Iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň hatarynda döredijilik we zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler, tematiki maslahatlar hem bar.
Gurban baýramynyň yslam dünýäsinde iki sany esasy baýramyň biridigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanynyň ýörite Permany esasynda, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär. Bu möhüm baýram Oraza baýramyndan 70 gün soňra bellenilýär.