Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary başlady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Bir sagat gowrak wagtdan soň, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Tähran şäheriniň iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. 

Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy EYR-nyň resmi adamlary hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. 

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berilýändigini belledi. 

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. 

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi hem-de köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.


Yza

Şeýle hem okaň