Türkmenistanda döwlet işgärleri üçin gender deňligi boýunça okuw sapaklary işläp düzülýär

Türkmenistanda döwlet işgärleri üçin gender deňligi boýunça ýörite okuw sapaklary işlenilip düzülýär.

Bu okuw sapaklary BMGÖM, ÝUNFPA hem-de Türkmenistandaky Adam hukuklary boýunça okuw sapaklary baradaky iş topary tarapyndan bilelikde taýýarlanylýar.  Şunuň bilen baglylykda, duşenbe güni Türkmenistandaky Adam hukuklary boýunça okuw sapaklary baradaky iş toparynyň agzalary üçin «Döwlet işgärleri üçin gender deňligi boýunça ýörite okuw sapaklaryny işläp taýýarlamak» atly iki günlük seminar öz işine başlady.

Seminar BMGÖM-iň gender deňligi boýunça halkara eksperti hanym Bilýan Maletin tarapyndan geçirilýär. Seminaryň jemlerine görä, adam hukuklary boýunça okuw sapaklarynyň netijeliligini ösdürmek, ulgamy sanlylaşdyrmak hem-de döwlet işgärleri üçin hökmany okuw sapaklary boýunça Türkmenistanyň Hökümetine hödürleniljek taslama babatda pikir alşylar hem-de teklipler diňleniler.  

Degişli okuw sapaklarynyň işlenilip düzülmegi Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny, Türkmenistanda Gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny, şeýle-de BMGÖM-iň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Gender deňligi strategiýasyny durmuşa geçirmäge goldaw berer.

Bu seminar BMGÖM-iň «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmäge goldaw bermek» taslamasynyň, şeýle hem, ÝUNFPA-nyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirýän 2022-nji we 2023-nji ýyllar üçin «Gender deňligini ösdürmegiň ulgamynyň we mehanizmleriniň güýçlendirilmegini goldamak» iş meýilnamalarynyň çäginde guraldy.

Ertir seminar öz işini Aşgabatdaky  «Arçabil» myhmanhanasynda dowam etdirer.


Yza

Şeýle hem okaň