Türkmenistanda «Adalatçynyň diwany + jemgyýetçilik guramalary» formatynda Milli öňüni alyş mehanizmi ýola goýlar. Mehanizmiň maksady adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň milli ulgamyny pugtalandyrmakdan ybarat bolar.
Mehanizm adalatçy bilen raýat jemgyýetiniň arasyndaky aragatnaşygyň pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Munuň özi adalatçynyň ilat tarapyndan berlen arzalara we tekliplere seretmek mümkinçiligini artdyrar. Türkmenistanyň adam hukuklary babatyndaky halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine ýardam etmäge gönükdirilen bu başlangyç halkara guramalaryň arasynda ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge niýetlenendir.
«Adalatçynyň diwany + jemgyýetçilik guramalary» formatyndaky Milli öňüni alyş mehanizmi BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Türkmenistandaky adalatçynyň diwanynyň Finlýandiýanyň goldaw bermegindäki «Türkmenistanda adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly taslamasynyň çäklerinde ýerine ýetiriler.
Mundan ozal BMGÖM adam hukuklaryny öňe sürmek we olaryň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak üçin ilatyň ejiz toparlaryna, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlara we zenanlara aýratyn üns bermek bilen, Finlýandiýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edipdi.