Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün – 10-njy dekabrda gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky dynç güni 13-nji dekabra – duşenbe gününe geçirildi. Döwlet Baştutany bu çözgüdi ýurduň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda kabul etdi.