Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça maslahat geçirdi

6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar we bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini içgin öwrendiler. Koreýa Respublikasynyň hünärmenleri saparda bolup, bu ýerde türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň gözel künjekleriniň birinde Arkadag şäheriniň bina edilendigini, bu ýerleriň howa gurşawynyň ýakymlydygyny, şol bir wagtyň özünde, arassa dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlydygyny nygtady. Bu ýerlerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýeti barada aýdyp, hormatly Arkadag bu ugurda ylmy işleriň alnyp barylmalydygyny, şunda daşary ýurtlaryň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde görkezilen ösümlikler, olary gaýtadan işlemegiň ugurlary we ýurdumyzda derman serişdelerini öndürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy esasda öwrenilýändigi barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hasabaty diňläp, türkmen lukmanlarynyň we bu ugur boýunça iş alyp barýan alymlaryň degişli ylmy-seljeriş işlerini geçirmekleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik kuwwatlyklarynyň, aýratyn-da, lukmançylyk edaralarynyň ýokary hilli gurluşygy bilen bir hatarda, olaryň enjamlaşdyrylyş we üpjünçilik derejesine zerur üns berilmelidir. Şunda binalaryň buýrujylaryna, olaryň gurluşykçylaryna bolşy ýaly, saglyk edaralarynyň üpjünçilik ýagdaýyna bildirilýän talaplar hem ýokary hilli ýerine ýetirilmelidir.

Milletiň Lideri iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere ýene bir gezek ünsi çekip, geljekde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat maksatly desgalary gurmak we olarda ýokary derejeli önümçiligi ýola goýmak bilen bagly işleri düýpli seljerip, bu ugurda özara maslahatlaşyp, anyk çözgütlere gelinmelidigini, her bir işe oýlanyşykly çemeleşilmelidigini nygtady.


Yza

Şeýle hem okaň