Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň bäş aýynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Hasabat döwründe Mejlisiň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 12-si, şol sanda Konstitusion kanunlaryň 3-si we Mejlisiň kararlarynyň 27-si kabul edildi. “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” we “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary umumyhalk maslahatynda makullanyldy.

Kabul edilen hukuk namalarynyň hatarynda “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Mundan başga-da ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy, şähergurluşyk işi, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak bilen bagly kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlary tarapyndan Raýat kodeksini, harby borçlulyk we harby gulluk, gidrometeorologiýa işi hakyndaky hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen hem-de beýleki kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça duşuşyklaryň 35-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça guralan forumlaryň 44-sine gatnaşdylar. Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlary amala aşyryldy. Şeýle hem hasabat döwründe “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi.

Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini giňden düşündirmek, parlament diplomatiýasyny ösdürmek ugry boýunça alnyp barylýan işleri wagyz etmek maksady bilen, deputatlar duşuşyklarda, forumlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň döredijilikli zähmetine gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýanwar — maý aýlarynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 7,2 göterim ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113,3 göterim, çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,7 göterim artdy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,6 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 111,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 107,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,4 göterim ýerine ýetirildi, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 109,9 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere nebitgaz pudagynyň önümçilik kärhanalaryny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak hem-de bu pudagyň meýilnamalaýyn işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,9 göterime deň boldy. Şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime deň boldy. Hasabat döwründe ýurdumyz boýunça gök önümleriň öndürilişiniň ösüş depgini 127,7 göterim, ýeralmanyň önümçiliginiň ösüş depgini 104 göterim, miwe we ir-iýmişleriň öndürilişiniň ösüş depgini 103,7 göterim, bugdaý ununyň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 100,9 göterim boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 283,3 göterime barabar boldy.

Ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, sebitlerde Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, derýalarda, beýleki suwaryş akabalarynda hanalary göneldiş işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de pudagyň netijeliligini has-da artdyrmak boýunça mundan beýläk-de maksadalaýyk çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu günler dowam edýän galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplumda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 124,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň bäş aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 104,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 106,3 göterime deň boldy.

Ýanwar — maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 105,4 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 121,3 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 308 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe täze satyn alnan “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlarynyň ikisinde ykdysady taýdan has amatly we täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 110,2 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 111,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Hasabatyň dowamynda sanly hyzmatlary amala aşyrmak, şeýle hem ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle-de şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly halkara maslahat we sergi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly we bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň multimodal-logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň möhümdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle-de agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirjek täze howa gämileriniň birnäçesini satyn almak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen resminamalara gol çekdi we sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberip, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat hem-de energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginde we paýtagtymyzyň häkimliginde 2023-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri geçen bäş aýda gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 107,8 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 109,6 göterime, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 113 göterime deň boldy. Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 110,1 göterim berjaý etdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime, ony eksport etmegiň ösüş depgini 106,3 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 100,5 göterim, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan meýilnama 106,6 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan meýilnama 121,8 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen mundan beýläk-de ösdürmegiň, önümçilige innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de toplumyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatyna çykarylmagy babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2023-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,2 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 103,4 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 104,7 göterime, nah matalaryňky 110,8 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 103 göterime, gön önümleriniňki 115,5 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — maý aýlarynda birža söwdalarynyň 123-si geçirilip, 13 müň 360 şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 132,3 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 118,6 göterime we senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 110,9 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda gözegçilik edýän ulgamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe köp sanly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, brifingler, mediaforumlar, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary we aýdym-sazly çäreler geçirildi. Beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, milli senenamamyzdaky şanly seneler, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli çäreler guraldy. Döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Şu ýylyň 10-njy maýy — 10-njy iýuny aralygynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde italýan fotosergisi guraldy.

Hasabat döwründe Rumyniýada we Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Mukamlar köşgünde türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça dürli çap önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 112,5 göterim ýerine ýetirildi. Metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralary giňden şöhlelendirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni we ruhy mirasyny düýpli öwrenmegiň, aýawly saklamagyň, ony dünýä ýaýmagyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigine ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy, okuw kitaplary we gollanmalar neşir edildi. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda “Soňky jaň” dabaralary guramaçylykly geçirildi. Bilim ulgamynyň wekilleri tejribe alyşmak we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň birnäçesine ugradyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana döwlet saparyna gabatlanyp, dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň düýbi tutuldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy, orta mekdepleriň altysy bu guramanyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” hem-de “«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahatlary geçirmek bilen bagly guramaçylyk işleri alnyp baryldy.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Moskwa, Sankt-Peterburg, Daşkent, Samarkant we Buhara şäherlerine amala aşyrylan ylmy saparlarda türkmen edebiýatyna we taryhyna degişli golýazmalaryň elektron nusgalary ýurdumyza getirildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi.

Hasabat döwründe amaly lukmançylyga keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen “Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy. X türkmen-german forumy guramaçylykly geçirilip, daşary ýurtly alym-lukmanlar topary bilen tejribe alşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler geçirildi. Türkmen wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşdy. Ýurdumyzyň hünärmenleri özara tejribe alyşmak we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlaryna ugradyldy.

Ýylyň başyndan bäri bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barlan işler netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 68-sine gatnaşyp, 87 altyn, 62 kümüş, 98 bürünç medala mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işleriň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi we bu işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere ugratdy hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak ugrunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler geçirildi.

Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna, Katar Döwletine, Täjigistan Respublikasyna döwlet saparlaryny, Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary, Azerbaýjan Respublikasyna, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Hytaýa, Türkiýe Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynda hem-de Eýran Yslam Respublikasynda saparda boldy.

Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça daşary ýurt wekiliýetleriniň ençemesi Türkmenistanda boldy. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň wekiliýetleri hem daşary ýurtlara ugradyldy. Dürli derejede, şol sanda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti resminamalar toplumy bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli esasda ikitaraplaýyn gepleşikler we geňeşmeler geçirildi.

Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmek maksady bilen, bilelikdäki hökümetara toparlaryň hem-de beýleki degişli düzümleriň mejlisleri, işewürlik duşuşyklary, maslahatlar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwletara derejede, iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde köpugurly netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Hyzmatdaşlygyň toplanylan köpýyllyk tejribesi, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi esasynda emele gelen uly mümkinçilikler gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagyny öwrenmek meselesine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça, hususan-da, Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşýär.

Bellenilişi ýaly, dünýä bileleşigi ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Glazgo şäherinde geçirilen 26-njy mejlisiniň barşynda öňe süren tekliplerini goldaýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek ugrunda anyk çäreler görülýär. Muňa Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” tassyklanylmagy, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkezini açmagyň meýilleşdirilmegi hem şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikde işläp taýýarlan ýokarda agzalan “Ýol kartasynyň” taslamasynda degişli çäreler toplumy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna birnäçe teklipler, şol sanda Bütindünýä metan borçnamasy barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, halkara düzümleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny we “tegelek stol” duşuşyklaryny geçirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen metan zyňyndylaryny azaltmak babatda synag taslamalaryny işläp düzmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler hödürlenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri üçin Bütindünýä metan borçnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezlerinde, kompaniýalarynda iş tejribeliklerini guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara obserwatoriýa (IMEO), BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy bilen bilelikde ylmy barlaglary, degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, okuw maslahatlaryny geçirmek boýunça teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ekologiýa, şol sanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirlerini azaltmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde üýtgewsiz işjeň orny eýeleýändigini nygtady. Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýurdumyzda ähli pudaklara ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasy amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, milli derejede howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegini, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmek, bu ulgamda halkara guramalar we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Ýol kartasynyň” hödürlenen taslamasyny makullady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljekde-de sebit we ählumumy derejede netijeli ekologik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu möhüm ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki halkara guramalar bolan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlary barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň ösüşinde gazanylan depginiň durnukly saklanylýandygyny belledi. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Hökümetiň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim möçberinde boldy. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki desgalar meýilleşdirilen möçberde gurlup ulanmaga berildi. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, beýleki sebit taslamalary durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Biziň esasy wezipämiz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr” diýip belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz iýul aýynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirmäge häzirden taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy we onda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden belleniljekdigini aýtdy. Ylym we tehnologiýalar häzirki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, bu ugurdaky döwlet ylmy-tehniki syýasaty üstünlikli alnyp barylýar we ol geljekde-de dowam etdiriler. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň alymlaryna bolsa uly döredijilik üstünliklerini, täze açyşlary arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň