29-njy iýunda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, öňdebaryjy täze tehnologiýalary ulanmak arkaly «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň açylyşyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Arkadag şäheriniň häkimligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Medeniýet ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bilelikde 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyşynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary açylyş dabarasyna taýýarlyk görmekde hem-de ony ýokary derejede geçirmekde Daşary işler ministrligine, Arkadag şäheriniň häkimligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Medeniýet ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ähli ýardamy bermäge borçly edildi.

Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine hem-de Döwlet habarlar agentligine açylyş dabarasyny geçirmek we «akylly» şäher konsepsiýasy bilen bagly Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


Yza

Şeýle hem okaň