Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatynyň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenişi ýaly, şu günler welaýatda galla oragy dowam edýär. Şunda degişli düzümler sazlaşykly işledilýär, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän galla oragy möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurdaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak hem-de jogapkärçilikli çemeleşmek babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda samany ýygnap, sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we galla oragynyň ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini, bugdaýdan boşan meýdanlaryň sürlüp, möwsüme taýýar edilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

 

TürkmenistanyňDöwlet habarlar agentligi (TDH).

 

Surat: tdh.gov.tm

 


Yza

Şeýle hem okaň