19 Iyun 2023
670
Balkan welaýatynyň Zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenbaşy
şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2023-nji
ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenbaşy
şäheriniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň
Medeni-sport toplumynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli
boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň
geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenbaşy
şäheriniň Türkmenbaşydaki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň
Medeni-sport toplumy
Habarlaşmak üçin telefon
belgiler:
+993243 60695;
+993243 50094.