23-nji iýunda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň
taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol alnyp barylýan işler, şol sanda
milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji mejlisiniň jemleri barada
maglumat berdi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak
boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan kanunlaryň
birnäçesi kabul edildi.Bellenilişi ýaly, ara alnyp maslahatlaşylan we kabul
edilen hukuk namalarynyň hatarynda “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda
Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe
Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”,
“Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň
Kanunlary, şeýle hem dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk
namalarynyň birnäçesine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky kanunlar
bar. Häzirki wagtda ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip
gowuşýan teklipler esasynda täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça
işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Moldowa Respublikasynyň, Müsür
Arap Respublikasynyň, Slowakiýa Respublikasynyň ilçileri bilen geçirilen
duşuşyklar barada habar berildi. Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Ermenistanyň,
Kataryň ilçileri, ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň
ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary hem-de Ýewropa
parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýeti bilen
geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de “Ýewropa Bileleşigi —
Türkmenistan” parlamentara dialogynyň 6-njy mejlisi geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli
durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmegiň, milli
parlamentiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2022-nji ýylyň dekabr aýynda
“Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda
geçirilen Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwlet derejesindäki bu çäre ýurdumyzyň ähli sebitlerinde sanly
tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirildi. Uçdantutma ýazuwda toplanan
maglumatlar umumylaşdyryldy we degişli görkezijiler boýunça ulgamlaşdyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, toplanan maglumatlaryň ozalky şeýle çäräniň
geçirilen wagtyndan bäri geçen döwürde demografik, durmuş we ykdysady
görkezijilerdäki üýtgeşmeleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, milli
ykdysadyýetimizi ýakyn ýyllarda ösdürmek üçin hem möhüm maglumat çeşmesi bolup
hyzmat edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz orta we
uzak möhletleýin geljek üçin durmuş-ykdysady döwlet syýasatynda peýdalanmak
maksady bilen, bu maglumatlary ýene-de bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny
aýtdy. Şu babatda wise-premýere Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji
ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde giňişleýin hasabat bermek
tabşyryldy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň
önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly, netijeli
işlemegini üpjün etmegiň düzümleri we önümçilik kuwwatlyklaryny
döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary
ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz
degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we
resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki
wagtda galla hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnamak boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda
geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat pudagynyň milli
ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny nygtady we ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz
wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän
ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde
alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, hereket edýän önümçilikleriň toplumlaýyn
döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri
mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly
Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň düzümlerini
has-da kämilleşdirmek, bu pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda birnäçe
anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Dokma senagaty ministrligine
degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, olaryň dolandyryş ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu wezipeleri netijeli çözmek üçin bu ulgamda guramaçylyk-hukuk
kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, innowasion
ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň aýdyň nusgasy bolup durýan dokma pudagyny
döwrebaplaşdyrmak, döwrüň talaplaryna laýyklykda, kärhanalary dolandyrmak
ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu
ugurdaky gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmegiň wajypdygyny belledi we
wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreler barada hasabat berdi.
Öňümizdäki aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat
we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly”
diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, şeýle hem
“akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan
wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Iýul aýynda yglan edilen
döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri
boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Çagalar dynç alyş we sagaldyş
merkezlerinde-de köpçülikleýin medeni çäreler, bäsleşikler, sport ýaryşlary
geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp
barylýan toplumlaýyn işleriň, häzirki döwürde onuň baý däplerini dowam
etdirmegiň, türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny giňden wagyz etmegiň,
medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň
möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly
Pyragy” atly halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Forum türkmen nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan
çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar we
myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama Arkadag şäherine,
“Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we paýtagtymyzyň muzeýlerine
gezelençleri guramak, “Aşgabat” kinokonsert merkezinde filmleri görkezmek ýaly
çäreler, konsertler, sergiler we beýlekiler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä taryhynda
öçmejek yz galdyran türkmen halkynyň beýik oglunyň täsin döredijilik mirasyny
mundan beýläk-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere
bu wekilçilikli foruma ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we
geçirmek meselelerine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan
tassyklanan Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe
ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kararyň
taslamasyny hödürledi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek,
hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp
barylýar. Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk
ýagdaýynyň berilmegi bilen, şäheriň edaralarynyň, guramalarynyň we
kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli amal etmek, işgärler
köpçüliginiň üstüni yzygiderli ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatyndan we
Aşgabat şäherinden ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli
tamamlaýan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiz tarapyndan
Garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak
ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň geljekde-de
dörediljekdigini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly
wise-premýere iberip, bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň
çäklerinde Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu gatnaşyklara
aýratyn üns bermek bilen, ählumumy we sebit gün tertibi babatda BMG bilen uzak
möhletli geljek üçin hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlaryny kemala getirýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň
işjeň agzasy bolmak bilen, olary işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşdy.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini milli maksatnamalara we
durmuş-ykdysady ösüş strategiýalaryna girizmek bilen, ony milli derejede ýerine
ýetirip başlan döwletleriň ilkinjileriniň biridir. Hususan-da, Hökümet
derejesinde Durnukly ösüş maksatlarynyň ilkinji tapgyrynda jemi 17 maksady, 148
wezipesi we 187 görkezijisi kabul edildi.
Iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek bu forumyň
barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti tarapyndan BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça
maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy
hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen
bilelikde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy boýunça ugurdaş çäräni geçirmek
teklip edilýär. Şunda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda döredilen Arkadag
şäheriniň Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-nji maksadynyň talaplaryna doly laýyk
gelýändigi bellenildi. Bu maksat şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny,
howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny, ekologik taýdan durnuklylygyny üpjün
etmekden ybaratdyr.
Şeýle hem awgust aýynda ýokarda agzalan forumyň
jemleri boýunça BMG-niň edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş
maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän toplumlaýyn çärelere
bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligi guramak teklip edildi.
Mundan başga-da, DÖM-niň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça maglumat
binýadyny öz içine alýan internet meýdançasyny Statistika baradaky döwlet
komitetiniň stat.gov.tm internet saýtynda ýerleşdirmek, şeýle hem türkmen
tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde şu ýylyň
sentýabr aýynda geçiriljek Durnukly ösüş maksatlarynyň sammitine gatnaşmagy
boýunça teklipler beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen
Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz
hödürlenen teklipleri makullap, BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan
köpýyllyk gatnaşyklaryň ençeme ugurlary öz içine alýandygyny we uly
mümkinçiliklere eýedigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion
taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma
üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan
ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz “Sanly çözgüt — 2023” atly
innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmegiň uly ähmiýetini belläp, ony
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk
tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “Türkmenaragatnaşyk” agentligi
tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyna laýyklykda, şeýle hem “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň
Kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron maglumat
alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasyna
gol çekildi. Bu taslama pudagara elektron maglumat alyşmak we elektron
resminama dolanyşygy ulgamlaryny döretmäge, işe girizmäge we ýurdumyzyň pudak
edaralarynyň birnäçesini bu ulgamlara birikdirmäge, bu ugurda işlejek
hünärmenleri taýýarlamaga, halkara tejribäni öwrenmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň,
pudagara elektron maglumat alyşmalar ulgamyny ornaşdyrmagyň ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek
Konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam etjekdigini nygtady we bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
möhüm meselelere garaldy, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul
edildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.