Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri seljerilýär

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2022-nji ýylyň dekabr aýynda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçirilen Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet derejesindäki bu çäre ýurdumyzyň ähli sebitlerinde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirildi. Uçdantutma ýazuwda toplanan maglumatlar umumylaşdyryldy we degişli görkezijiler boýunça ulgamlaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, toplanan maglumatlaryň ozalky şeýle çäräniň geçirilen wagtyndan bäri geçen döwürde demografik, durmuş we ykdysady görkezijilerdäki üýtgeşmeleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetimizi ýakyn ýyllarda ösdürmek üçin hem möhüm maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz orta we uzak möhletleýin geljek üçin durmuş-ykdysady döwlet syýasatynda peýdalanmak maksady bilen, bu maglumatlary ýene-de bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy. Şu babatda wise-premýere Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde giňişleýin hasabat bermek tabşyryldy.

www.tdh.gov.tm


Yza

Şeýle hem okaň