Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň ulag düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar

24-nji iýunda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar.

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz bilelikde paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäklerinde ýerleşýän täze desgalar bilen tanyşdylar. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburow desgalaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýady toplumlaýyn pugtalandyrylýar. Düzümiň tehniki parkynyň üsti täze, häzirki zaman uçarlary bilen ýetirilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyza 2 sany “Airbus A330-200P2F” kysymly ýük uçary gelip gowuşdy. Bu görnüşli uçarlar Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ulanylýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýene-de 7 sany uçaryň satyn alynmagy meýilleşdirilýär.

Howa menziliniň çäginde ýerleşýän angarlar dürli görnüşli uçarlary degişli derejede saklamak we olary tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük we ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz bu desgalaryň gurluş aýratynlyklary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen içgin gyzyklandylar. Bellenilişi ýaly, bu ýerde alnyp barylýan işleriň, tehniki hyzmatlaryň häzirki zamanyň talaplaryna hem-de ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, uçarlaryň uzak möhletleýin esasda ulanylmagynyň baş şertini emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman uçarlarynyň tehniki görkezijileriniň ýokary halkara talaplara laýyk gelýändigini, şunda degişli tehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, gullugyň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklanylmalydyr.

Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerde ýerleşendigini hem-de üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini nazara almak bilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulagyň ähli görnüşini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzüminiň ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň düzümini täze uçarlar bilen ýetirmek üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleri, inženerçilik-tehniki maksatly desgalar gurulýar, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, täze howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň oňyn syýasaty esasynda Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag hem-de logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli düzüminiň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün etmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça raýat awiasiýasynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda netijeli çäreler görülýär. Munuň özi ýükleriň daşalmagyny, ýolagçylaryň gatnadylmagyny has-da işjeňleşdirmäge hem-de olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi görnüşli uçarlaryň we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap dikuçarlaryň netijeli ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarlaryň ýagdaýy, olara edilýän tehniki hyzmatlar bilen gyzyklandylar.

Döwletimiziň häzirki zaman uçarlarynyň, şol sanda dikuçarlaryň satyn alynmagyna, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, halkara howa ýük we ýolagçy gatnawlarynyň artdyrylmagyna, şol sanda durmuş hem-de hojalyk maksatly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini bellemeli. Munuň özi Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasyny” durmuşa geçirmek bilen baglylykda hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegi we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynyň depginli ösdürilmegi Watanymyzyň yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde derejesini pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädimdir.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz dikuçarlaryň türgenleşik nokadyna gelip, geljekki uçarmanlary taýýarlamak üçin niýetlenen döwrebap, sanlylaşdyrylan ýörite türgenleşik tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny synagdan geçirdiler.

Bu türgenleşik nokadynda ornaşdyrylan, kämil kompýuterleşdirilen dikuçar tehnologiýasy degişli hünärmenleri taýýarlamakda hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Dikuçary dolandyrmak üçin ähli enjamlary özünde jemleýän uçar kabinasy uçary herekete girizmekden başlap, asman giňişliginde nähili dolandyrylmalydygy we ony ýere gondurmagyň ugurlary babatda giň maglumatlar toplumyny berýär. Şundan ugur alyp, bu ýerde uçarmanlar hünär derejesini ýokarlandyrmaga amatly şertlere eýedirler. Olar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä döwletlerine halkara howa gatnawlaryny amala aşyrmakda ussat hünärmenler bolup ýetişýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleşik nokadynyň mümkinçilikleri bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Hökümet awiasiýa toparynyň binasyna bardylar. Bu ýerde zähmet çekjek agentligiň hünärmenleri üçin ýaşamak, dynç almak, hünär derejelerini kämilleşdirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz binanyň içinde ýaşamak, dynç almak üçin niýetlenen otaglar bilen tanyşdylar.

Täze taryhy eýýamda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns-aladasy netijesinde ulag ulgamyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýolagçy gatnatmakda-da, ýükleri üstaşyr geçirmekde-de döwrebap taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle taslamalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrýar. Bu dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga itergi berýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döredilen döwrebap ýaşaýyş binasynyň işgärleriň eşretli durmuşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň öz işlerine bolan yhlasyna güýç-kuwwat berjekdigini, ruhubelentligini artdyrjakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan ähli işleriň düýp özeniniň halkymyzyň şu güni we nurana geljegi babatda möhüm ädimlerdigini bellemek bilen, mundan beýläk-de “Türkmenhowaýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokarlandyryljakdygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz ulag ulgamynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugradylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň işewürlik, medeni dynç alyş merkeziniň emele gelýän demirgazyk böleginde gurulýan söwda we dynç alyş merkeziniň ýanyna geldiler. Bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän toplumlaryň taslamalarydyr çyzgylary görkezildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bu ýerde alnyp barylýan işler, gurulýan binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy baradaky hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän binalaryň we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde köpugurly söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Täze toplumyň çäklerinde bassyrmaly çaýhana, awtoduralga, işewürlik merkezi, buz-oýun meýdançasy, toý mekany ýerleşdiriler. Şeýle hem dükanly ýerasty geçelgeler gurlar. Munuň özi durmuş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygynyň toplumlaýyn görnüşde ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ozal gurlan we häzirki döwürde durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalar, ýol ýakalaryna oturdyljak haşamly germewler, köp gatnawly ýol çatryklarynda bina edilmegi göz öňünde tutulýan köp zolakly, aýlawly awtomobil köprüleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Paýtagtymyzda ýokary amatlyklaryň döredilmegi halkymyzyň eşretli durmuşynyň we Aşgabady senagatlaşdyrmak ulgamynyň ýokary derejä eýe bolýandygynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylýandygynyň subutnamasyna öwrülýär. Görkezilýän taslamalar we çyzgylar bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri olara birnäçe bellikleri aýtdylar hem-de degişli düzedişleri girizdiler. Bellenilişi ýaly, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine we ähmiýetine aýratyn üns berilmegi möhüm wezipe bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz söwda we dynç alyş merkeziniň bina edilýän ýeriniň gurluş aýratynlygyny, ýerasty suwlaryň derejesini we zeý suwlaryny akdyrmagyň aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu tabşyrygy makullap, bu babatda degişli düzümleriň wekilleriniň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýerasty suwlaryň binalaryň gurluşygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almakda aýratyn ähmiýetlidir. Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynyň başlanýan ýeriniň topragynyň, onuň ýerasty gatlagynyň ylmy esasda içgin öwrenilmegi häzirki zamanyň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz bina edilýän desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdiler. Halkymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde şäher ilatynyň oňaýly durmuşyny üpjün edýän, sanly ulgama daýanýan enjamlar ornaşdyrylan merkezleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.


www.tdh.gov.tm


Yza

Şeýle hem okaň