26-njy
iýunda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de
ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
Ilki bilen,
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde galla oragy möwsümi dowam edýär. Bu işlerde ähli degişli düzümler
sazlaşykly işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Hususan-da, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatda ýazlyk ýeralma we
beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek maksady
bilen, şu günler ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli
işler dowam etdirilýär. Şeýle hem häkim
welaýatda Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini ýokary hilli hem-de gysga wagtda,
talabalaýyk ýerine ýetirmegiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we
häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Günbatar
sebitde galla oragy möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça degişli çäreler
görülýär. Galla meýdanlarynda bugdaý orýan kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz
işledilip, orlan bugdaý hasyly galla kabul ediş bölümlerine tabşyrylýar.
Bugdaýdan boşan meýdanlarda geljekki ekiş möwsümi üçin sürüm işleri alnyp barylýar.
Welaýatyň gowaça meýdanlarynda häzirki günlerde ösüş suwuny tutmak, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi, otag etmek işleri alnyp
barylýar. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, içerki bazarlarymyzy bu önümler bilen bolelin
üpjün etmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem
häkim welaýatda Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk
görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ýokary hilli we gysga wagtda geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini
belledi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk geçirilişini berk
gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Sanly ulgam
arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň
welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen
dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, galla oragyny ýokary hilli we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, orakda
ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz
işledilýär. Galla oragyndan boşan meýdanlary indiki möwsüme taýýar etmek üçin
sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi,
otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýetişdirilen ýeralmanyň,
soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de
bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler dowam
edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda häzirki günde suw tutmak işleri
alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda Gurban
baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan
işleriň ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy guramaçylykly dowam edip, bu işde oba
hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünden peýdalanmak, galla kabul ediş
bölümleriniň bökdençsiz işini üpjün etmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm
işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça zerur
işler durmuşa geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi tamamlanyp, häzirki wagtda
gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işlerine
girişildi. Şeýle hem häkim welaýatda Gurban baýramy
mynasybetli geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işlerini ýokary hilli
we guramaçylykly geçirmegiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de
welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän işleriň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda galla oragy dowam edip, bu ugurda ulanylýan kombaýnlary,
beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş bölümlerini doly güýjünde
hem-de bökdençsiz işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaýdan boşan
meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek
işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň
we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary
ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda,
gant şugundyrynyň ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şeýle hem häkim welaýatda Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek
çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli
geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu
işlere gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz, sazlaşykly işledilmegi babatda
häkime degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk ekinlerine ideg etmek
hem-de ýetişdirilen hasyly, şol sanda bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça
möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda
sürüm işlerini geçirmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli
işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda hatarara
bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri
bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp,
welaýatlarda bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilatymyza
ýetirmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Daşoguz we Lebap
welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyrynyň ekişi bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli
hem-de möhüm möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi we orak möwsümine gatnaşýan
ähli düzümleriň bökdençsiz, sazlaşykly işledilmegini, orakdan boşan meýdanlarda
sürüm işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmegini, gowaça idegiň
agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda
degişli tabşyryklary berdi.
Iş
maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
A.Ýazmyradow hormatly Prezidentimizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle-de Gurban baýramy mynasybetli oba
hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.