30-njy iýunda Arkadag
şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag”
atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň,
halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt
kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen tarapyna
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş
institutlaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary
wekilçilik etdiler.
Resmi açylyş
dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma
gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda şeýle çäreleriň ýokary derejede we
giň düzümde geçirilmeginiň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem
pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri
döredýändigi nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bu halkara forumyň
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň
pudaklaryny, Arkadag şäherini durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmäge we “akylly”
şäher konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge maýa goýumlary işjeň çekmäge
ýardam etjekdigine ynam bildirilýär.
Şu gezekki işewürlik
çäresiniň wezipeleri daşary ýurt maýadarlarynyň, işewürleriniň, halkara
maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ýurdumyzyň
telekeçileriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmekden
ybaratdyr. Umumy mejlisleriň çäklerinde şäherlerde durnukly ösüş hem-de täze
tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, “akylly”
şäherleriň sanly infrastruktura hem-de sanly innowasion tehnologiýalary bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Foruma
gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dünýä
bileleşiginiň öňünde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek
boýunça birnäçe möhüm wezipeler durýar. Şäherleriň we ilatly ýerleriň
açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuş durnuklylygyny, ekologik abadançylygyny üpjün
etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi şol wezipeleriň biridir.
Türkmenistan dünýä
hojalyk gurluşynyň ähli derejelerinde durnukly hem deňeçer ösüşiň
goldanylmagyna gönükdirilen sebitleýin we ählumumy tagallalara işjeň gatnaşyjy
bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bu ugurda anyk çäreleri
geçirýär. Hususan-da, şäher gurluşygynyň gerimini giňeltmek, hilini
ýokarlandyrmak, elýeterliligini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler, howpsuz
ýaşaýyş jaý üpjünçiligi, ýurduň ilatyna häzirki zaman halkara derejelerinde
durmuş hyzmatlaryny etmek ugrunda işler alnyp barylýar. Örän iri milli
taslamalaryň biri — Arkadag şäheriniň gurulmagy diňe bir sanly hem-de “ýaşyl”
tehnologiýalaryň oýlanyşykly utgaşdyrylmagynyň, üstünlikli döwlet-hususy
hyzmatdaşlygynyň däl-de, “Habitat — III” ýaşaýyş jaýy we durnukly şäher ösüşi
boýunça BMG-niň maslahatynda tassyklanylan “Täze şäher gün tertibi”
konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Köpetdagyň gözel
künjekleriniň birinde “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen häzirki
zaman şäheri şäher gurşawyny guramagyň iň täze tehnologiýalarynyň doly derejede
ulanylmagyna gönükdirilen döwrebap binagärligiň hem-de meýilleşdiriş
medeniýetiniň nusgasy bolup durýar. Bu şäherde bir bitewi intellektual tor
emele getirildi. Oňa ulag hereketinden başlap, ekologiýa çenli ähli düzümleriň
hakyky wagt tertibinde işledilişi baradaky maglumatlary ýygnamak üçin ähli
ulgamlar birikdirildi. Şäher giňişligini guramagyň şeýle çemeleşmesi ilat üçin
has amatly we howpsuz durmuş şertleriniň döredilmegine gönükdirilendir. Şol
sebäpli-de, raýatlaryň şäheriň intellektual tory bilen arabaglanyşygy
hödürlenilýän hyzmatlaryň hiline, olaryň sanawynyň giňeldilmegine we
beýlekilere oňyn täsir edip biler.
Foruma daşary ýurtly
gatnaşyjylar şanly waka — Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna hem-de şunuň ýaly
abraýly halkara foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine
hoşallyklaryny beýan edip, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amatly maýa
goýum mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge
taýýardyklaryny aýtdylar. Abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda
BMG-niň düzümleriniň wekilleri täze şäheriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ony
meýilleşdirmekde durnukly şäher ösüşiniň durmuş ugurlarynyň, şol sanda
inklýuziwlik hem-de deňlik, köpdürlülik, medeni miras, saglyk we abadançylyk,
howpsuzlyk we goraglylyk, bilim we tutuş ömrüň dowamynda öwrenmek ýaly
ýörelgeleriň göz öňünde tutulandygyna aýratyn üns çekdiler.
Iri işewürlik
maslahatyna gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy
ykdysady görkezijileri hem-de onuň maýa goýum strategiýasy, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň
senagat-innowasion ösüşine, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp
taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly
ykdysadyýete geçilmegine gönükdirilen özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Forumyň
barşynda görkezilen wideorolikde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň
eksport mümkinçilikleri beýan edildi. Ol geljegi uly türkmen bazarynda
işewürligi alyp barmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy baradaky maglumatlar
bilen tanyşdyrýar.
Çykyşlarda milli
ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini häsiýetlendirýän soňky ýyllaryň makroykdysady
görkezijileri barada durlup geçildi. Hususan-da, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça
jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime, maýa goýumlaryň 14,2 göterime deň
bolandygy, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, eksport harytlarynyň möçberiniň
43,6 göterim artandygy bellenildi. Ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň
her ýylky möçberi 30 göterimden gowrakdyr. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy
bolsa 13 göterime ýetýär. Bellenilişi ýaly, bu görkezijiler döwlet
Baştutanymyzyň oýlanyşykly maýa goýum syýasaty hem-de daşyndan çekilýän düýpli
maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagy netijesinde üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň geografik
taýdan amatly ýerleşmegi, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, ýokary ykdysady
ösüş, kuwwatly serişde we çig mal binýady, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa
geçirýän döredijilikli daşary syýasaty hem-de amatly maýa goýum ýagdaýy esasy
daşary ýurt kompaniýalarynyň uly möçberli maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam
berýän esasy şertlerdir.
Şunuň bilen
birlikde, ähli ulgamlarda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň,
ozaly bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasy” ýaly uzak möhletleýin we orta möhletleýin
strategiýalarda kesgitlenen görkezijilere ýetmäge gönükdirilendigi nygtaldy.
Öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçirilmegi maýa goýum strategiýasynyň alnyp
barylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Esasy maýa maliýe serişdelerini
çekmek hem-de olaryň innowasiýalaryň ösdürilmegine, ýokary goşmaça bahaly
önümçilige, adam maýasynyň ösdürilmegine hem-de ýurdumyzyň ekologik we
durmuş-ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýän ulgamlara
gönükdirilmegi bu strategiýanyň esasy wezipesidir.
Şunda jemi içerki
önümde olary netijeli peýdalanmaga, edaralaryň we ilatyň öz serişdeleriniň
umumy möçberiniň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen
maýa goýum serişdeleriniň paýynyň ýokary derejesiniň saklanylmagy, şol bir
wagtda, esasy maýa goýum serişdeleriniň umumy möçberinde Döwlet býujetiniň
serişdeleriniň paýynyň peselmegi, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, maýa goýum
taslamalarynyň düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagy şertlerinde amala aşyrylýan
maýa goýum insfrastruktura taslamalarynyň sanynyň artmagy esasy talap bolup
durýar.
Döwlet maýa goýum
syýasatynyň durmuşa geçirilmegi maýa goýumlar ulgamynda döwlet kadalaşdyryş
ulgamynyň hem-de oňa ornaşdyrylan guramaçylyk, hukuk we ykdysady gurallaryň
hasabyna üpjün edilýär. Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan anyk
ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, häzirki
wagtda strategik wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa
geçirýär.
Senagat jemgyýetini
döretmek iň möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli
ykdysadyýeti düýpli özgertmek, ony çig mal görnüşinden senagat-innowasion ösüş
ýoluna geçirmek, ýokary tehnologiýaly, ylma esaslanýan önümçilikleriň
döredilmegi, sanly ykdysadyýete geçilmegi, dünýä bazarlarynda uly islege eýe
bolan ýokary goşmaça nyrhly önümleri öndürmek boýunça häzirki zaman
kärhanalarynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Çykyşlarda
bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlara tebigy gazy, nebit, gaz we nebithimiýa
önümlerini, elektrik energiýasyny, mineral dökünleri, gurluşyk serişdelerini,
himiýa we azyk önümlerini iberýär. Önümleriň eksport möçberiniň artdyrylmagy
önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň hem-de sanly
ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen höweslendirilýär. Munuň özi ýurdumyzda
öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Täze gaýtadan
işleýän pudaklary döretmegiň hasabyna ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly
bilen ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan
syýasatynyň möhüm ugrudyr. Mysal üçin, Türkmenistan ägirt uly uglewodorod
gorlaryna eýe bolmak bilen, gazy gaýtadan işlemek boýunça doly derejeli toplumy
kemala getirmäge girişdi. Soňky ýyllarda ulanmaga berlen benzin, ýokary hilli polietilen,
polipropilen önümçiligi boýunça zawodlar, ammiak, karbamid öndürmek boýunça
gaýtadan işleýän himiýa kuwwatlyklary we beýlekiler muňa mysaldyr. Ozal hereket
edýän pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna, energetika, dokma
senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdeleriniň
önümçiligi ýaly birnäçe pudaklarda esasy görkezijileriň ösüş depginleri
ýyl-ýyldan artýar.
Häzirki zaman ulag
we logistika düzümlerini kämilleşdirmek, Türkmenistany Gündogar — Günbatar we
Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag çatryklarynyň merkezleriniň birine
öwürmek ýurdumyzyň maýa goýum ösüşiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz täze bazarlara işjeň çykýar. Ýewropada,
Aziýada, Amerika yklymynda hyzmatdaşlar bilen goşulyşmak işlerini ösdürýär.
Türkmenistan howa gatnawlarynyň, Halkara howa menzilleriniň, şeýle hem demir
ýol ugurlarynyň, şol sanda TRAСECA üstaşyr geçelgesine goşulmak arkaly, ulag
düzüminiň ösen ulgamyna eýedir. Hazar deňziniň kenarynda, Türkmenbaşy şäherinde
ösen infrastruktura hem-de logistika eýe bolan Halkara deňiz portunyň
mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar.
Gurluşyk pudagy
türkmen ykdysadyýetiniň ýene bir möhüm ugrudyr. Bu pudaga gönükdirilýän iri
maýa goýum serişdeleri diňe bir gurluşyk senagatynyň durnukly ösüşini üpjün
etmek bilen çäklenmän, täze innowasion häsiýetli önümçilikleriň, öndürilýän
önümleriň möçberiniň artdyrylmagyna, işleriň we hyzmatlaryň hiliniň
ýokarlandyrylmagyna hem ýardam berýär.
Ähli ulgamlara
innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň oňyn
özgertmeleriniň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň iň ýokary
talaplaryna laýyklykda ylmyň ösdürilmegine, ylmy-barlag işleriniň kompýuter we
maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy
ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň
giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistandan iberilýän energetika
serişdeleriniň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, turba geçirijileriň
gurluşygyna hem uly üns berilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy sebit üçin örän möhüm taslamadyr.
Şeýle hem şol ugur boýunça optiki-süýümli ulgamyň, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň maýa
goýum strategiýasynda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösdürilmegi ugur
edinilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň çykyşlarynda
kiçi hem-de orta telekeçiligiň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän goldaw
giňden beýan edildi. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçileriň paýy
ýyl-ýyldan artýar. Şu ýyl bolsa bu görkezijiniň jemi içerki önümiň möçberinde
(ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 71,3 göterime deň bolmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik düzümidir, onuň
agzalary milli ykdysadyýetimiziň birnäçe esasy pudaklarynda işleýärler,
ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, daşyndan
getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça täze
kärhanalary döredýärler. Foruma gatnaşýan kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri
ýygnananlary öz kärhanalarynyň alyp barýan işleri hem-de olaryň netijeli
işlemegi üçin döredilen şertler bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Şeýle hem
hereket edýän salgyt we gözegçilik edaralary maýa goýum işiniň oňyn ösüşine
ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylara ykdysadyýetimizi
ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary üçin ýeňillikleri göz öňünde tutýan salgyt
salmak düzgüni barada maglumatlar berildi.
Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasaty milli ykdysadyýetimiziň
düýpli özgerdilmegine hem-de strategik hyzmatdaşlar bilen köpugurly
kooperasiýanyň giňeldilmegine, şol sanda ähli derejelerde netijeli sanly we “ýaşyl”
çözgütleriň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyz dürli ugurlar boýunça
özara bähbitli we doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr hem-de innowasion
häsiýetli önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen anyk taslamalara garamaga
taýýardyr. Şunda iri maýa goýum serişdeleriniň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň
çekilmegine, häzirki zaman tehnikalarynyň we halkara ölçeglere laýyk gelýän
beýleki enjamlaryň getirilmegine uly gyzyklanma beýan edildi. Teklip edilýän
taslamalaryň ykdysady netijeliligi, olaryň durmuş ähmiýetliligi, ekologik
talaplara laýyklygy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň ygtybarly we uzak
möhletleýin üstünliklere ýetmegi üçin has täsirli gurallaryň bilelikde
gözlenilmegi oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy şertleri hökmünde
görkezildi.
Forumyň dowamynda
maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy senagat,
ylmy-tehnologik we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň gurallary
barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Mundan başga-da, halkara guramalaryň,
iri maliýe düzümleriniň we daşary ýurt işewürler bileleşiginiň wekilleri
tanyşdyryşlar hem-de içgin pikir alyşmalar esasynda türkmen tarapynyň teklip
eden innowasion taslamalaryna maýa goýumlary gönükdirmegiň maksadalaýyklygyna baha
berdiler.
Foruma gatnaşyjylar
beýan edilenleri jemlemek bilen, şu gezekki işewürlik maslahatynyň
geçirilmeginiň halkara giňişlikde özüni strategik ähmiýetli we ygtybarly
hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistanyň abraýyny täze derejä çykarandygyny
bellediler. Şunuň bilen birlikde, bu duşuşyk “akylly” şäherleri gurmak boýunça
täze, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança bolup
hyzmat etdi.
Halkara maýa goýum
forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda özara
bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi. Şeýle
hem birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda eksport-import amallary,
hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalar we beýlekiler bar.
Forumyň dowamynda
guralan sergi oňa gatnaşyjylara döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly
senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşini öndürmäge
gönükdirilen gaýtadan işleýän pudaklaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli
ulgamlarynda ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleri barada düşünje almaga
mümkinçilik berdi.
Forumyň ahyrynda oňa
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip,
innowasion häsiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw
berýändigi, maýa goýum işini ösdürmäge gönükdirilen amatly şertleriň
döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.