Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi tarapyndan Arkadag şäherinde 1-nji iýulda guralan foruma ýurduň
saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we köp sanly işgärleri,
şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň,
Russiýanyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy
hassahanalarynyň hem-de institutlarynyň professorlarydyr hünärmenleri
gatnaşdylar.
Çykyşlarda täze şäheriň durmuş düzüminde halkara
ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň bardygy bellenildi. Olaryň
hatarynda 350 orunlyk Köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi, 150
orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi,
Saglyk öýi, şeýle hem ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň dürli görnüşleri
bilen üpjün edilen Awtoulaglar kärhanasy bar.
Forumdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, soňky
ýyllarda Türkmenistanda adamyň saglygyny goramak we milli saglygy goraýyş
ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda uly işler amala aşyryldy.
Şu günki şanly waka mynasybetli tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine ýadygärlik sowgatlary hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby gowşuryldy.