Arkadag şäherinde «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi

2-nji iýulda Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde däl, eýsem, täze şäheriň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan onlaýn tertipde hem alnyp görkezildi.

Halkara forum ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň agentlikleriniň ýolbaşçylaryny, daşary ýurtly ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijileri, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlary işläp taýýarlaýjylary, iri halkara aragatnaşyk operatorlaryny, halkara guramalaryň we düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetiň pudaklaryny okgunly ösdürmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň desgalary, senagat kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär.

Çykyş edenler ýol-ulag düzümleri barada aýdyp, bu düzümleriň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini, olaryň döwrebap yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendigini bellediler. Hususan-da, ulag ulgamlaryny gurnamakda we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde “Intelligent Transportation Systems (ITS)” innowasion işläp taýýarlamalary ulanylýar. Intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen “akylly” ýollaryň ornaşdyrylmagy “ITS-niň” esasy wezipesidir. “Akylly” şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we internetiň giňden ornaşdyrylmagyna esaslanyp, olaryň kömegi bilen şäher düzümlerini we gulluklaryny dolandyrmagy üpjün edýän bitewi ekoulgam döredilýär. Şeýle hem bu konsepsiýanyň düzümine “akylly” öý, bitewi maglumat binýady hem-de ýaşaýjylara hasaplaşyklary geçirmäge, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly programma goşundysy girýär.

Umumy mejlisde çykyş eden daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň Baş direktory Nuriddin Muhitdinow, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç, «Huawei Technologies» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň önüm we çözgütler boýunça bölüminiň direktory Mi Nuo, şeýle hem sanly ulgam arkaly çykyş edenleriň hatarynda Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň GDA boýunça sebit bölüminiň direktory Natalýa Moçu we «Nokia» kompaniýasynyň Türkmenistan boýunça direktory Ismail Aýdyn bar. Myhmanlaryň belleýişleri ýaly, “geljegiň şäheri” diýlip atlandyrylýan Arkadag şäheriniň açylmagy Türkmenistanyň täze taryhyna ýurduň deňi-taýy bolmadyk ykdysady we ylmy-tehniki ösüşiniň, türkmen halkynyň zähmetsöýerliginiň, zehininiň anyk mysaly hökmünde altyn harplar bilen ýazylar.

Günüň ikinji ýarymynda «Akylly» we «ýaşyl» şäherler üçin tehnologiýalar hem-de çözgütler” atly mowzuklaýyn mejlisler utgaşykly görnüşde geçirildi. Mejlisleriň dowamynda “akylly” tehnologiýalaryň adamlaryň gündelik durmuşyna edýän täsiri, durnukly binagärlik we şäher taslamalary, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň özara utgaşdyrylmagy, kiberhowpsuzlyk, “akylly” ulag ulgamy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ykdysadyýetiň uçdantutma sanlylaşdyrylmagynyň kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy meselesine, kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegine aýratyn üns bermeklerini talap edýändigini bellediler. Çünki aragatnaşyk ulgamynyň geljegi internet torlary, 5G, “Big Data” tehnologiýalary ýaly düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şeýle hem daşary ýurtly bilermenleriň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary baradaky çykyşlary diňlenildi. Durnukly ösüşiň bähbidine sanly we “ýaşyl” geçişiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ykdysady ösüş, döwlet hyzmatlaryny dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygy, tebigy serişdeleri dolandyrmagy gowulandyrmak üçin uly kuwwatynyň bardygy bellenildi. Çykyş edenler emeli aň, “ýaşyl” logistika, “akylly” duralga, innowasion hyzmatlar ýaly meselelere degip geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara derejede ylmy maglumatlary alyşmagyň, ugurdaş düzümler we halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi nygtaldy.

“Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen «NEC Communication and Information Technologies Ltd» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen «DeltaTelecom» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

www.turkmenistan.gov.tm


Yza

Şeýle hem okaň