3-nji iýulda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi.
Ilki bilen,
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli
işler dowam edýär. Gallaçy daýhanlar bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin
hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, ýygnalan galla hasylyny
kabul ediş bölümlerinden elewatorlara, ammarlara daşamak we ýerleşdirmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri
talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda
ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap
almak boýunça zerur tagallalar edilýär.
Şeýle hem
häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler oba hojalyk pudagynda jogapkärli
möwsümiň dowam edýändigini aýtdy hem-de onuň ýokary hilli, bökdençsiz
geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan
welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap
almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, gallaçy
daýhanlar bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär, galla kabul ediş bölümlerinden ýygnalan hasyly elewatorlara,
ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk
geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda
ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär,
ýetişdirilen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça
zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem
häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine
ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk
işleriniň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de welaýatyň bugdaý meýdanlarynda
ýetişdirilen galla hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagy, gowaça
ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli alnyp
barylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam
arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň
sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen
dowam etdi.
Hasabatda
welaýatda galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleriň
geçirilýändigi barada aýdyldy. Galla öndürijiler bilen döwlete tabşyrylýan
hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Galla kabul ediş bölümlerinden
hasyly elewatorlara, ammarlara daşamak we ýerleşdirmek işleri bökdençsiz alnyp
barylýar. Şunuň bilen birlikde, şu günler galla oragyndan boşan meýdanlarda
sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Şeýle hem
welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny
ýygnap almak, ony ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şaly
ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi
hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy guramaçylykly alnyp barlyp,
ýetişdirilen hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler
geçirilýär, möwsümde galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk ýola
goýuldy, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda
geçirmek üçin zerur tagallalar edilýär, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri
agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri öz wagtynda
geçirilýär.
Şeýle-de
ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen,
welaýatda bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak üçin degişli işler
geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Mundan
başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň
ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we häkime
bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatyň
dowamynda sebitiň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky
dänesine çenli ýygnap almak boýunça işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Şeýle
hem gallaçy kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz
wagtynda geçirilýär, galla kabul ediş bölümlerinden hasyly elewatorlara,
ammarlara daşamak we ýerleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň
gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja
önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur
alnyp, sebitiň meýdanlarynda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça işler
alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gant şugundyrynyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň guramaçylykly, bökdençsiz geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy we häkime
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edip,
bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary geljek ýylyň hasyly üçin ekiş
möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýurdumyzyň gowaça
ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak,
zyýankeşleriň we olaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak
boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatlarda ýetişdirilen ýeralma we beýleki
gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilatymyza ýetirmek boýunça
degişli işler dowam edýär.
Daşoguz we
Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyrynyň ekişi bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler oba hojalygynda dowam edýän möhüm
möwsümiň ähmiýetine ünsi çekdi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda alnyp barylýan
işlere ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende,
käbir säwliklere ýol berlendigini aýtdy. Agrotehniki kadalar doly we dogry
berjaý edilen ýagdaýynda has ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny belläp,
hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işlerinde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda,
dogry ýerine ýetirilmegini wise-premýer A.Ýazmyradowdan hem-de welaýatlaryň
häkimlerinden berk talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.