7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada maglumat berdi.
Hususan-da, häzirki wagtda milli parlamentiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmegiň çäklerinde täze kanun taslamalary taýýarlanylýar. Şunuň bilen
birlikde, hereket edýän hukuk namalarynyň birnäçesini kämilleşdirmek boýunça
işler alnyp barylýar.
Mejlisde Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary,
Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy bilen
duşuşyklar geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şeýle hem Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi.
Deputatlar ýurdumyzda geçirilýän dürli derejeli çärelere işjeň
gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Kanadanyň Wankuwer şäherinde
geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament
Assambleýasynyň her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşdy. Mejlisiň agzalary
ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri
giňden wagyz etmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny we
ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli hukuk binýadyny
pugtalandyrmagyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri kanunçylyk
taýdan üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow
gözegçilik edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek,
ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmek maksady bilen durmuşa
geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ykdysadyýetimizi mundan
beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga
gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryndaky wezipeleri ýerine ýetirmek
boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, işewürlik we maýa goýum
işjeňligini ýokarlandyrmagyň, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny giňden
ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz milli
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň meýilnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine
ýetirilişini hemişelik gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow
ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän düzümleriniň,
hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň
düzümlerini innowasion esasda döwrebaplaşdyrmagyň, pudaga häzirki zaman serişde
tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz täze, geljegi uly meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek boýunça
toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, şunda “Türkmengeologiýa”
döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini
ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow
ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, galla oragyny geçirmek hem-de ýygnalan
bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara
daşamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Bugdaýdan boşan meýdanlary geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýarlamak
maksady bilen, ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar, bu ugurda oba hojalyk
tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Gowaça meýdanlarynda
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny
tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň
bilen birlikde, ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap
almak, ony ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz we
Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyrynyň ekişi dowam edýär.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow
özüniň saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimize haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowyň haýyşyny
kanagatlandyryp, ony saglyk ýagdaýy sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan
welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz T.Atahallyýewi Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Balkan
welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.
T.Atahallyýew özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan
edip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda
tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze jogapkärli wezipesinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize Balkan welaýatynyň edermen gallaçylarynyň
döwlete bugdaý tabşyrmak barada meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri
baradaky hoş habary aýtdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň
uzak bolmagyny, halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine alyp
barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlaryny bu
zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, edermen daýhanlarymyzyň netijeli
zähmet çekmekleri üçin mundan beýläk-de döwletimiz tarapyndan ähli zerur
şertleriň dörediljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Balkan welaýatynyň
häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi welaýatyň häkiminiň orunbasary
J.Annaýewiň üstüne ýükleýändigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow
ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da,
onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň energetika kuwwatyny netijeli
peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly hem-de
bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň
möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek boýunça pudagyň öňünde durýan
wezipeleri çözmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi
pugtalandyrmakda esasy orun eýeleýän elektroenergetika toplumynyň kuwwatyny
yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi hem-de
wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak,
ýerli çig malyň gaýtadan işlenilmegine hem-de taýýar önümleriň öndürilmegine
gönükdirilen ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilikleri
döretmek, olary doly kuwwatyna çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösdürilmeginiň harytlaryň öndürilýän möçberiniň
artdyrylmagyna hem-de hiliniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň görnüşleriniň
giňeldilmegine, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň
artdyrylmagyna gönükdirilendigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa
ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek
işlerini işjeňleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu maksatlar bilen, degişli maddy-enjamlaýyn
binýady pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem
türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden tanatmak üçin yzygiderli
çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan
ylmy-barlag we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet
Baştutanymyz milli medeni mirasyň öwrenilmeginiň, aýawly goralyp
saklanylmagynyň we geljek nesillere ýetirilmeginiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä
mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen belli bolan
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş
edýändigini belledi hem-de bu ugurdaky meseleleri hemişe üns merkezinde
saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow türkmen
ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary
boýunça geçirilýän degişli işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
taýsyz tagallalary netijesinde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýetimiziň
pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn
işler amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýäniň
abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýän talyplaryň sanynyň has-da
artdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň
diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem bilim almaklary üçin ähli
zerur şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär. Ýewropa sebitiniň ýurtlary,
hususan-da, ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Rumyniýa bilen bilim
ulgamyndaky gatnaşyklar ýylsaýyn giňeldilýär.
“Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim
ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň” çäklerinde
bu dostlukly ýurt tarapyndan maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we
lukmançylyk ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, matematika, tehniki
we tebigy ylymlar boýunça ýokary hünär bilimini almaga isleg bildirýänlere
2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyp orunlary hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen
ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin
ähli zerur şertleriň döredilmeginiň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi hem-de bilim ulgamyny mundan
beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak, innowasion bilim tehnologiýalaryny we öňdebaryjy dünýä
tejribesini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň dowam etdiriljekdigini
aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary
okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini
we bu işleriň geljekde-de döwletimiz tarapyndan yzygiderli esasda alnyp
baryljakdygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu möhüm ugurdaky işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna, torlaryna
we ýöriteleşdirilen institutlaryna ýurdumyzyň goşulmagy ileri tutulýan
ugurlaryň biri bolup durýar. BMG-niň bu iri guramasynyň düzüm birlikleri bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, birnäçe teklipler
taýýarlanyldy.
Şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip
atlandyrylýan şygaryndan hem-de “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara
hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan” ugur alnyp,
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň goşulmagy boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýa halkara barlaglar
institutyna goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Bu institutyň maddy we
maddy däl medeni miras, daşky gurşaw, arheologiýa, taryh, etnografiýa, ýazuw we
dilden ýazylan edebiýat, jemgyýetçilik ylymlary ýaly ugurlarda iş alyp
barýandygy bellenildi. ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary
boýunça instituty (IITE) bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bu institutyň arasynda hyzmatdaşlyk
etmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp düzmek teklip edildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2024-nji ýylda Aşgabat
şäherinde ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan
halkara maslahaty geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG
we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň
ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de
Türkmenistanda ÝUNESKO bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini
belledi. Soňky ýyllarda bu netijeli hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen
baýlaşdyryldy, birnäçe bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.
Ylym-bilim, medeniýet we taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak ulgamlaryndaky
ýola goýlan gatnaşyklar bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine
şaýatlyk edýär. Häzirki günde däp bolan gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda
ýaşlar ugry boýunça, öňdebaryjy sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary
ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap,
wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmak, bu ugurdaky işleri dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew deňiz we derýa ulaglary pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gämi gurluşygy boýunça daşary
ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda
ýerleşýän ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen “Balkan” gämi
gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde
iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
deňiz we derýa ulaglary pudagyny dolandyrmagy halkara ölçeglere laýyklykda
mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ulgama öňdebaryjy dünýä tejribesini
ornaşdyrmak, halkara ýük daşamalary amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary
bilen hyzmatdaşlygy berkitmek babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary
berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günki mejlisiň dowamynda birnäçe meselelere garalandygyny hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalaryň kabul edilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.