Gurbanguly Berdimuhmedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi

8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň taryhy mekanynda binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi. Mejlise gaznanyň müdiriýet agzalary we Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Onuň dowamynda Haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde alyp baran işleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işläp başlamagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanyna geldi. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, ýygnananlary 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň, şeýle hem çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen gutlady hem-de işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, şu günki mejlisiň gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ilki bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowa söz berildi. Ol türkmen halkynyň Milli Liderini Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlap, ýurdumyzda döwlet derejesinde zähmetsöýerlik hem-de watançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, olaryň döredijilik ukyplarynyň doly açylmagy, saglygyny berkitmek, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala geldi. Munuň özi ýaşlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen döwürde howandarlyga mätäç çagalara jemi 140 operasiýa geçirildi we ýatymlaýyn şertlerde bejergi işleri amala aşyryldy. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi, haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna zerur bolan saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň gönükdirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, R.Bazarow ýurdumyzda çagalary dürli usullar arkaly goldamak we höweslendirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreleriň ähmiýetlidigini aýratyn nygtady. Şunda ösüp gelýän ýaş nesilleri paýhasly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlary esasynda terbiýelemek, çagalar öýünde terbiýelenýänlere mynasyp atlary dakmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.

Şunuň ýaly ynsanperwer işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly ýörelgeleriň bardygyny belläp, R.Bazarow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de sazlaşykly alyp barmak ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hajy Arkadagymyz hasabaty diňläp, gaznanyň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly ýaşulular ýaş nesilleriň arasynda türkmen halkynyň däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri barada wagyz-nesihat işlerini yzygiderli dowam etdirmelidirler.

Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilendigini belläp, onuň agzalary bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Şunda utgaşykly işleriň alnyp barylmagyna, ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bilen gurşalmagyna, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin mümkinçilikleriň döredilmegine zerur üns berilmelidir. Bu işleriň kanunçylyk taýdan berkidilmegi häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip, hormatly Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra haýyr-sahawat gaznasynyň hasapçysy Ý.A.Çernowa söz berildi.

Ol Gahryman Arkadagymyzy täze şäheriň açylmagy we “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň çap edilmegi bilen gutlady we haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çaga ynsanperwerlik kömeginiň berlendigini, şol sanda Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi üçin häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň satyn alnandygyny, daşary ýurtlara ynsanperwerlik kömekleriniň ugradylandygyny belledi. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan şanly seneler mynasybetli çagalara, şeýle hem halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanan türgenlere sowgatlaryň gowşurylandygy barada habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, haýyr-sahawat işleriniň we ynsanperwer ýörelgeleriň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aýdyp, Owganystanda türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan çaga dogrulýan öý üçin zerur bolan lukmançylyk serişdeleriniň gönükdirilendigini we oňa türkmen lukmanlarynyň toparynyň iberilendigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalary we ýerli çig mallardan dermanlyk serişdeleri öndürmek üçin haýyr-sahawat gaznasyndan serişdeleriň gönükdirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa söz berdi.

Ol Arkadag şäheriniň ulanmaga berilmegi, bu şähere birnäçe halkara derejedäki güwänamalaryň gowşurylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň çap edilmegi bilen gutlap, lukman Arkadagymyza halkymyzyň saglygy hakyndaky aladany baş wezipe hökmünde kesgitländigi üçin ähli saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem ol merkeziň işini talabalaýyk alyp barmak boýunça edilýän tagallalar, lukmanlary işe kabul etmegiň aýratynlyklary, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hojalyk işlerini guramagyň kanunçylyk esaslary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, çäreleriň degişli meýilnamasy taýýarlanyldy. Şunda degişli saglygy goraýyş talaplaryndan, lukman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur almagyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, M.Öküzowa öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Arkadagymyz hasabaty diňläp, merkeziň hojalyk işlerini ýokary derejede alyp barmagyň, işgärleri seçip almagyň häzirki zaman usulyny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegini, degişli gulluklaryň utgaşykly işiniň üpjün edilmegini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz merkeziň ähli işgärleriniň iş we ýaşaýyş jaý üpjünçilik meselelerine hereket edýän düzgünlere, kanunçylyga laýyklykda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Kabul edilýän çözgütleriň kanunçylyk taýdan berkidilmegine möhüm ähmiýet bermek we bu ugurda bar bolan meseleleri degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde çözmek boýunça utgaşykly işleri alyp barmak wajypdyr. Şunda degişli gulluklaryň ýolbaşçylary çetde durmaly däldir, meseleleriň oňyn çözgüdine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisiniň geçirilendigini, onuň geljekki mejlislerinde bu ugurda bar bolan meseleleri çözmek boýunça bilelikdäki pikir alyşmalaryň boljakdygyny belledi. Şunda gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň pikirlerini diňlemek ähmiýetli bolar.

Arkadag şäheriniň sebitde “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan ilkinji şäherdigini belläp, Gahryman Arkadagymyz onuň gojaman Köpetdagyň eteginde, halkymyzyň baý taryhly we gözel tebigatly künjeginde ýerleşendigini aýtdy. Bu täsin şäheriň gysga wagtda hakykata öwrülmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň üpjün edilip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkeýändigine, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we her bir maşgalanyň abadançylygynyň berkidilmegine, ösüp gelýän ýaş nesilleriň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň netijesidir.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny hem-de olarda Watana wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen döredildi diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy. Ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem açylyp ulanmaga berlendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu merkezde çagalaryň terbiýe almagy, gatnap we ýatymlaýyn esasda olaryň saglygyna seredilmegi üçin ähli şertleriň bardygyna ünsi çekdi.

Bu ugurda geljekde-de maksatlaýyn işleriň alnyp baryljakdygyny, onuň çäkleriniň has-da giňeldilip, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň maksat edinilýändigini aýdyp, lukman Arkadagymyz amala aşyrylýan işleriň ygtybarly kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna uly ähmiýet berilmelidigini belledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanyldy. Ýurdumyzda çagalygy goramak, maşgalany goldamak, ýaş nesliň beden, aň hem-de ruhy ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli, toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz gaznanyň işiniň ugurlaryny giňeltmek, şunda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine ünsi çekdi. Gaznanyň işiniň ähli ugurlaryny ilat arasynda, şol bir wagtyň özünde, halkara giňişlikde wagyz etmek işi hem wajypdyr. Bu ugurda makalalary, maglumatlary taýýarlap, internet saýtlarynda ýerleşdirmek zerurdyr.

Milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp hem-de onuň dowamynda birnäçe möhüm meselelere garalandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigini belledi we hemmelere öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi. 

www.tdh.gov.tm


Yza

Şeýle hem okaň