Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimleriniň we oba hojalyk toplumyna jogapkär wise-premýeriň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasyly kabul ediş bölümlerinden ammarlara we elewatorlara öz wagtynda, ýitgisiz daşalýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji J.Annaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerinden elewatorlara hem-de ammarlara daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Şeýle hem geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Şu ýylyň güýz möwsüminde ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de onuň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli alnyp barylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, galla hasylyny kabul ediş bölümlerinden ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin sürüm we tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça hem-de şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň güýz möwsüminde geçiriljek ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we dogry berjaý edilmelidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň guralyşyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitiň galla meýdanlaryndan ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerinden ammarlara we elewatorlara öz wagtynda, ýitgisiz daşamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Ekin meýdanlarynda geljek ýylyň galla hasyly üçin ekişe taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli çäreler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine edilýän ideg işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerinden ammarlara we elewatorlara daşamak işleri bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň galla hasyly üçin meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny ýeralma we beýleki oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär, gant şugundyrynyň ekişi meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralmagynyň, agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň bereketli toprakdan bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerinden ammarlara we elewatorlara öz wagtynda daşamak hem-de ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar.

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda üçünji we dördünji hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek boýunça işler dowam edýär. Güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini hem-de olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem wise-premýer Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişiniň dowam edýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bugdaý ekiljek meýdanlarda taýýarlyk işleriniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli geçirilmegini, gowaça we şaly ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, gant şugundyrynyň ekişiniň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilmegini, güýz möwsüminde geçiriljek ekiş işlerine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wajyp wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan ähli işleriň ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

www.turkmenistan.gov.tm


Yza

Şeýle hem okaň