10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Bellenilişi ýaly, bu tanyşdyrylyş dabarasyna ýurduň
Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri
hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasynda çykyşlara giň
orun berildi. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň paýhasyndan we zehininden
dörän täze eseriniň many-mazmun aýratynlyklary hem-de ähmiýeti barada belläp,
bu kitapdaky gymmatly pikir-garaýyşlaryň her bir ynsanyň durmuşynda ýol-ýörelge
boljakdygyny nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasy bilen ugurdaşlykda,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň giň foýesinde
türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we döredijilik däplerini şöhlelendirýän
sergi hem guraldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň
dowamaty» atly täze kitabynda «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan
pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda»,
«Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy», «Öwreneniň
özüňki», «Geçmişiňe buýsanmak — geljegiňi gurmak», «Ömrüňiz uzak bolsun!» ýaly
bölümler bolup, olarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ýolunyň dürli
tapgyrlary baradaky giňişleýin maglumatlar öz beýanyny tapýar. Şeýle-de täze
kitapda geçilen ýollar, edilen işler bilen bir hatarda, durmuşy özgertmegiň,
Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary baradaky
pikir-garaýyşlar hem beýan edilýär.