Aşgabatda milli binagärlik we şähergurluşygy boýunça sergi geçirilýär

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Arhitektorlar birleşiginiň döredilmeginiň 85 ýyllygy mynasybetli, «Arkadag eýýamynyň arhitekturasy» ady bilen ýurdumyzyň binagärleriniň toparlaýyn döredijilik sergisi öz işine başlady.

Serginiň geçirilmegiň esasy maksady ýurdumyzyň milli arhitektura mekdebiniň gazanan üstünlikleri bilen köpçüligi tanyşdyrmakdan, şähergurluşyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekden, bu ugra gyzyklanýanlaryň başlangyçlaryny höweslendirmekden, şeýle hem iň gowy taslamalary saýlap-seçip almakdan we olary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri bermekden ybaratdyr. Döredijilik gözden geçirilişine 200-den gowrak iş hödürlenip, taslamalar ýaşaýyş jaýlarynyň arhitekturasy; jemgyýetçilik binalarynyň arhitekturasy; şähergurluşyk; dizaýn we taryhy ýadygärlikleriň rejelenilişi ýaly ugurlary öz içine aldy.

Bäsleşik häsiýetinde geçýän döredijilik sergisine edara-kärhanalar, belli arhitektorlar we dizaýnerler bilen bir hatarda degişli ugurlar boýunça bilim alýan ýaşlaryň diplom işleri boýunça tapawutlananlary-da işjeň gatnaşýar. On günläp dowam edýän sergidäki döredijilik işlerini synlamaga gelýänleriň yzy üzülenok. Bu ýerdäki taslamalaryň her biri häzirki zaman arhitekturasynyň talaplaryny doly ödeýändigi, täzeçe çemeleşmelere, köptaraplaýyn gurluşyk ülňülerine eýedigi, durmuş-ykdysady, arhitektura-meýilleşdiriş, sanitariýa-arassaçylyk faktorlarynyň we geografik şertleriň giň toplumyny şöhlelendirýändigi, milli ýörelgelerden ugur alýandygy bilen tapawutlanýar. Muny binalaryň, jaýlaryň, öýleriň içki bezeglerinde, hatda ekologiýa taýdan arassa gurşawlaryň — ekoseýilgähleriň, «ýaşyl» öýleriň, «akylly» tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan desgalaryň taslamalarynda milli ýörelgeleriň, nyşanlaryň, şekilleriň, nagyşlaryň giňden ulanylmagynda-da aýdyň görmek bolýar. Olaryň käbiriniň 3D görnüşindäki wideoşekilleriniň hem görkezilmegi taslamalar we olary ýerine ýetirmegiň usullary bilen amaly, ykdysady taýdan giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hödürlenen binagärlik eserleriniň arasynda paýtagtymyzda we geljegiň şäheri hasaplanýan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalar üçin teklip edilýän taslamalaryň hem ençemesine uly orun berilýär.

Gözden geçirilişiň barşynda eminler topary tarapyndan iň gowy diýlip ykrar edilen işler kesgitlenilip, ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar, diplomdyr Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy. 

turkmenistan.gov.tm


Yza

Şeýle hem okaň