13-nji
iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa
Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
gün tertibinde duran meseleleriň giň gerimi, şeýle hem türkmen-emirlikler
gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar
berildi.
Taraplar ýaňy-ýakynda M.Bäşimowanyň Birleşen Arap
Emirliklerine amala aşyran saparynyň we onuň dowamynda bu ýurduň daşary syýasy
edarasynda we Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda geçirilen birnäçe
duşuşyklaryň hem-de çäreleriň netijeleri barada pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine olar üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygyny ýetirmegi haýyş etdi.