2023-nji ýylyň
23-nji iýulynda boljak Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew
şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda raýatlarymyzyň saýlawlara
gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Saýlawçylaryň saýlaw uçastogynda ses bermekleri üçin ähli şertler üpjün
edilýär.
Saýlawlar güni öz
ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek, saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna
girizilen saýlaw hukukly raýatlar saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün
galandan başlap, saýlaw uçastogynda ses berip bilerler!
Türkmenistanyň
Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, öňünden ses bermek 2023-nji
ýylyň 13-nji iýulyndan başlandy.
Öňünden ses bermek
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň 1-nji saýlaw uçastogynda sagat 09:00-dan
14:00-a çenli geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 23-nji iýulda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.