Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýulda 2023-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine
bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berýändigini, ýolbaşçylaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awazada», «Arçmanda» we «Ýylysuwda» ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.