20-nji dekabrda Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň özara hereketleriniň soňky ýyllarda täze derejä çykarylandygy hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrylandygy aýratyn nygtaldy. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli häsiýetini nygtamak bilen, olaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda, oba hojalygy, daşky gurşawyň goragy, bilim we ylym, maglumat, tehnologik alyş-çalyş, şonuň ýaly-da, ileri tutulýan beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine gyzyklanma bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň çekilmegi arkaly halkara we sebit derejesindäki awtoulag, demir ýol, deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine ähmiýet berildi.
Iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisiniň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi.
Nebitgaz, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika, oba hojalygy, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagat ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.
Taraplar şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup çykyş edýän medeni we ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň, saglygy goraýyş we lukmançylyk ugry boýunça özara hereketleriň ösdürilmeginiň zerurdygyny beýan etdiler.
Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.