Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri belli boldy

14-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow 2022-nji ýylyň 17 — 27-nji dekabr aralygynda geçirilen «Ilat ýazuwy-2022 ― Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» şygary astynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabr ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň ilatynyň umumy sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy.

Ýurdumyzyň bu senede ýazylan ilatynyň 22,9 göteriminiň Mary welaýatynyň, 22 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 20,5 göteriminiň Lebap welaýatynyň, 14,6 göteriminiň Aşgabat şäheriniň, 12,5 göterimi Ahal welaýatynyň we 7,5 göterimi Balkan welaýatynyň paýyna düşdi.

Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurdumyzyň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher ilatyndan we 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.

Ýaşaýyş binalarynyň sany 1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwyna deňeşdirilende 12,4 göterim artdy.

Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň 268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umumy meýdany bolsa, 165 million 167 müň 523 inedördül metr bolup, 24,5 göterim artdy.

Umuman, alnan statistik maglumatlar ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny taýýarlamakda uly maglumat binýady bolup hyzmat eder. 

www.tdh.gov.tm


Yza

Şeýle hem okaň