Türkmenistanda milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy. Şeýlelik bilen serişdeleriň köp bölegi önümçiligi, söwdany, infrastrukturany kämilleşdirmek we ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga gönükdirildi.
Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet
ministri Serdar Joraýew 14-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar
berdi.
Ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlary ýurtda öndürilýän önümleriň (JIÖ) umumy mukdarynyň 16 göterimini emele getirdi. Habarda bellenilişi ýaly, olaryň 49,4 göterimi senagat toplumlarynyň, 50,6 göterimi durmuş desgalarynyň gurluşygyna gönükdirildi.