14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär (TDH).
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw
mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda,
orta hünär okuw mekdeplerine 17 — 21-nji awgust aralygynda geçirmek tabşyryldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň gol çeken Buýrugy
bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine
okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet
toparyna 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine
okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň
bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.