14-nji
iýulda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty
aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa
geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly
hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.
Mejlisiň dowamynda birnäçe
ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň
hasabatlary diňlenildi, olaryň işine baha berildi. Oňa Mejlisiň deputatlary,
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw
mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki
ýolbaşçylar çagyryldy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Geçirilen çäreleriň
netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edilip, bu
görkeziji 6,2 göterim artdy.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy
boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet
haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly
maliýeleşdirildi.
Soňra wise-premýer geljek ýyl üçin
Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp düzmegiň çäklerinde taýýarlanylan
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işiniň
deslapky hasaplamalarynyň seljermesiniň netijeleri barada hasabat berdi. Ýerine
ýetirilen işleriň jemlerine laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan
edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny
hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak
teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna
degişli Permanyň taslamasy hödürlenildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministri
S.Joraýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, Döwlet
hem-de ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň
girdeji bölegi 113,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine
ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa
98,2 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe balans toparlarynyň
jemi 54 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 42 mejlisi
geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine
seredilip, olaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşy, maliýe-ykdysady
görkezijileri we maýa goýumlarynyň özleşdirilişi boýunça seljerme işleri
geçirildi.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa
goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň
boldy. Bellenilişi ýaly, özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi
önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna
gönükdirildi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we
desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül
metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy.
Häzirki wagtda dürli medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryň
gurluşygynda işler dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu
ýylyň alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, Prezident maksatnamasynda göz
öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň, desgalaryň gurluşyk
işleriniň ýerine ýetirilişini seljermek dowam etdirilmelidir diýip belledi.
Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly
tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda «elektron salgyt» ulgamyny doly işe
girizmegi çaltlandyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Oba milli
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem
«Erkin ykdysady zolaklar hakynda» we «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda»
Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan kadalaşdyryjy namalary taýýarlamak,
bu ugurda halkara tejribäni öwrenip, işleri netijeli guramak boýunça zerur
çäreleri görmek tabşyryldy.
Soňra Statistika baradaky döwlet
komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow şu ýylyň birinji ýarymynda ministrlikleriň
hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat
berdi.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy gazyň hem-de nebitiň
çykarylyşynyň, elektrik energiýasynyň we köp dürli önümleriň öndürilişiniň
ösüşi ýokarlandy. Şunuň bilen birlikde, ulag-kommunikasiýa toplumynda ýük
daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberi, aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek
boýunça durnukly görkezijiler üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwe we ir-iýmişleriň,
etiň, süýdüň öndürilişi artdy. Alty aýyň jemleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete
dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy.
Şeýle hem halkara ülňüler esasynda
statistiki hasabatlylygy hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny
kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada-da hasabat berildi.
“Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik,
Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” şygary astynda geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen
ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji
oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly
ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirildi. Ilat ýazuwyna taýýarlyk görmegiň we ony
geçirmegiň usulyýet gollanmalary halkara standartlara laýyklykda işlenip
taýýarlanyldy we bu babatdaky işler BMG-niň Ilat gaznasynyň ýokary derejeli
bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri
boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň ilatynyň umumy
sany 7 million 57 müň 841 adama deň boldy. Diýarymyzyň bu senede ýazylan
ilatynyň 22,9 göterimi Mary welaýatynyň, 22 göterimi Daşoguz welaýatynyň, 20,5
göterimi Lebap welaýatynyň, 14,6 göterimi Aşgabat şäheriniň, 12,5 göterimi Ahal
welaýatynyň we 7,5 göterimi Balkan welaýatynyň paýyna düşdi. Ilatyň 50 göterime
golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurdumyzyň umumy
ilatynyň 47,1 göterimi şäher, 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.
Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerinde
ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny
geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlary hem tassyklady. Ýaşaýyş binalarynyň sany
1 million 5 müň 671-e deň bolup, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy bilen
deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň sany 1 million 344 müň
268-e deň bolup, 13,6 göterim, olaryň umumy meýdany bolsa 165 million 167 müň
523 inedördül metr bolup, 24,5 göterim artdy. Umuman, alnan statistiki
maglumatlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny
taýýarlamakda uly maglumat binýady bolup hyzmat eder.
Soňra Merkezi bankyň başlygy
T.Mälikow 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä,
bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy 5,1
göterim, ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy 13,8 göterim,
ykdysadyýetiň düzümindäki şahsy adamlara berlen karzlaryň galyndysy 19,5
göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň
galyndysy 15 göterim, ipoteka karzlarynyň galyndysy 7,4 göterim artdy. 2023-nji
ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, karz edaralarynyň gazanan peýdasy 1,7 göterim
artdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, ykdysadyýetde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmagyň milli maýa goýum
taslamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmelerini yzygiderli öwrenmegiň,
ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň
işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, karzlaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyny
üpjün edip, onuň netijeliligini artdyrmagyň, milli puluň hümmetini
ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleri geçirmegiň, halkara maliýe guramalary
bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyna
ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, ministrlikler we pudak edaralary
tarapyndan şu ýylyň geçen alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, Prezident
maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň, amala
aşyrylmaly gurluşyk desgalarynda işleriň ýerine ýetirilişini seljermegi dowam
etdirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet
býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri
görmek, 2024-nji ýylyň Döwlet býujetini oýlanyşykly we öz wagtynda düzmek
boýunça anyk görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bütindünýä
Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni
hakynda Ähtnamany taýýarlamak boýunça işleri hem guramaçylykly alyp barmak
babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Alyp barýan syýasatymyzyň esasynda
«Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz
oňa laýyklykda, 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap zähmet haklaryny,
pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim
ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň
ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady
görkezijiler, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan gazanylan
netijeler barada aýdyldy. Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserni
tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 101,8 göterim, nebiti
gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,5 göterim, benzin öndürmegiň
meýilnamasynyň 112,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 106,4
göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 118,3 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasynyň 100,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň
meýilnamasynyň 113,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hasabat
döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, “mawy
ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 112,1 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm
wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli kärhanalaryň
önümçiligini artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we
toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmek tabşyryldy. Maýa goýum
Maksatnamasyna laýyklykda, täze önümçilikleri işe girizmegiň hasabyna
kuwwatlyklary artdyrmak üçin zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady we wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2023-nji
ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat
berdi.
Hasabat döwründe Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,8
göterim boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça şu ýylyň alty
aýynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 110,9
göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan
önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,8
göterime, elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 106,7 göterime, ony
eksport etmegiň ösüş depgini 107,7 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan bahasy 1 milliard 220
million manada deň bolan önümler öndürildi we hyzmatlar ýerine ýetirildi.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny
dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we
hyzmatlaryň meýilnamasy 101,3 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça
meýilnama 123 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, işde goýberen kemçilikleri üçin, H.Rejepmyradowy energetika ministri
wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu ministrligiň ýolbaşçysy wezipesine
A.Saparowy belläp, ony energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak
barada karara gelendigini aýtdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet
Baştutanymyz, işde goýberen kemçilikleri üçin, N.Nyýazlyýewi «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyp, konserniň başlygy wezipesine
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýewi bellemek barada
karara gelendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere gurluşyk we
senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur
çäreleri geçirmegi, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak boýunça alnyp
barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze
gazananlary esasynda döwrüň talabyna laýyk gelýän senagat we gurluşyk
önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalary döretmegiň zerurdygyny belläp,
döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem
wise-premýere şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we
desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk
gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň
jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça
ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 124,8 göterime deň boldy.
Şu ýylyň alty aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary
boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 103,1 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş
depgini 105,7 göterim berjaý edildi.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi
105,4 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 120,4 göterime barabar
boldy. Hasabat döwründe Arkadag şäherinde ulanmak üçin niýetlenen «Yutong
ZK6128BEVG» kysymly elektrobuslar we «JAC E-J7» kysymly elektromobiller hem-de
«KamAZ-6282» kysymly elektrobuslar we olara tok beriji enjamlar satyn alyndy.
Mundan başga-da, häzirki wagta çenli ýurdumyza «Toyota Coaster» kysymly orta
synply awtobuslaryň hem-de «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslaryň
100-den gowragy getirildi.
“Türkmenhowaýollary” agentligi
boýunça ösüş depgini 291,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe täze satyn
alnan «Airbus A330-200 P2F» kysymly 2 sany ýük uçarynda ykdysady taýdan has
amatly we täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary
boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy. “Türkmendeňizderýaýollary”
agentligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň “ýaşyl” portlarynyň sanawyna goşmak
bilen baglanyşykly degişli işler geçirildi. Şonuň netijesinde, «EcoPorts»
güwänamasy alyndy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş depgini 112,2
göterime barabar boldy. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek
boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly
desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda «Halkara
ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara
maslahat we sergi, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli «Arkadag
şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat
geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirki zaman
tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we
ilata «Bir penjire» elektron görnüşli dürli döwlet hyzmatlaryny ýola goýmak
boýunça anyk görkezmeleri berdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly
güýjünde ulanylmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz deňiz we derýa
ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň, hyzmatlaryň täze daşary
ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işleriň
geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz agentligiň
ýolbaşçysyna tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek,
howa gatnawlarynyň sanyny artdyryp, hyzmatlary talabalaýyk ýola goýmak babatda
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň ministrliklerinde, telekeçilik
ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri
barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,5 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa
103,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň edaralarynda
taýýarlanan önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň, matalaryň önümçiliginiň ösüşi,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 103,2 göterime we
108 göterime deň boldy. Tikin we trikotaž önümleriniň ösüşi 101,3 göterime, gön
önümçiliginiň ösüşi bolsa 114,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet
birleşiginiň kärhanalarynda haly önümçiliginiň meýilnamasy 105,1 göterim ýerine
ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasynda
hasabat döwründe söwda geleşikleriniň 146-sy geçirilip, şolarda 15 müň 957
şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 133,3 göterime deň boldy. Hasabat
döwründe 9 sergi we 36 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň
alty aýynda 110,3 göterime, senagat önümçiligi bolsa 109,6 göterime barabar
boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işde goýberen kemçilikleri üçin, B.Çaryýewi
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wolsahatowy belledi. Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol gullugyň
başlygynyň orunbasary A.Sazakowyň üstüne ýüklenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda ýakynda Söwda-senagat edarasynyň
müdiriýetiniň mejlisiniň geçirilendigini, onuň dowamynda M.Gurdowyň
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze ýolbaşçysy hökmünde saýlanandygyny
aýtdy. Şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň ýakynda
geçirilen mejlisinde saýlawlar esasynda birleşmäniň täze ýolbaşçysy wezipesine
N.Atagulyýew saýlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
müdiriýetleriniň çözgütlerini tassyklamak baradaky degişli resminamalara gol
çekip, täze ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere
ýüzlenip, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini
gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatynyň doly peýdalanylmagynyň
zerurdygyny belledi. Dokma önümleriniň hilini we möçberini, daşarky bazarda
bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreler görülmelidir. Dokma,
haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak maksady bilen, bu işe
sanly ulgamy ornaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini has
netijeli guramak üçin degişli çäreler amala aşyrylmalydyr diýip, hormatly
Prezidentimiz bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe dürli çäreler, şol
sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, milli senenamamyzyň
şanly senelerine, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreler guraldy,
döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Koreýa Respublikasynda, Rumyniýada we
Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Paýtagtymyzyň
“Aşgabat” kinoteatrynda rus kinofilmleriniň we multfilmleriniň hepdeligi
guraldy. Şeýle hem “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň welaýat, Aşgabat şäher
tapgyrlary geçirildi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda
“Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly guraldy. 22 — 27-nji
iýunda Aşgabat nobatdaky Medeniýet hepdeliginiň geçirilen ýerine öwrüldi. Onuň
çäklerinde bolsa bagşylaryň festiwaly geçirildi. Medeniýet hepdeliginiň
jemleýji gününde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň
şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Şeýle hem 24 —
28-nji iýunda paýtagtymyzyň TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabatlanan
Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligini kabul edendigi bellenildi.
29-njy iýunda Arkadag şäheriniň
dabaraly açylmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy. Şol gün täze döredilen
“Arkadag” gazetiniň ilkinji sany neşir edilip, täze “Arkadag” teleýaýlymynyň
gepleşikleri halk köpçüligine hödürlenip başlandy. 30-njy iýunda Arkadag
şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda türki döwletleriň
opera aýdymçylarynyň ýurdumyzyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki
konserti boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken
Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi 2024-nji ýylda Arkadag şäherinde
geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini
ösdürmek, olara aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwretmek
maksady bilen, medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi. Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini
talabalaýyk guramak, bu mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täzeden seredip, olary
döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek möhümdir. Döwlet Baştutanymyz Oguz han
adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döwrebap we many-mazmunly täze filmleri
surata düşürmegi hem-de halkara kinofestiwallara gatnaşmagy üçin zerur işleri
geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, taryhy we
medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri
ýola goýmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna häzirden gowy taýýarlyk görmegiň
wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary N.Amannepesow ýylyň birinji ýarymynda bilim, ylym, saglygy goraýyş
we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bilimli nesli terbiýeläp
ýetişdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary we
talyp ýaşlar halkara bäsleşiklere hem-de internet olimpiadalaryna işjeň
gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Milli bilim
ulgamynyň düzümini we hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli
resminamalar kabul edildi. Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky
umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň düýbi tutuldy. Orta mekdepleriň
uçurymlaryna umumy orta bilim hakynda şahadatnamalar dabaraly gowşuryldy. 2-nji
iýunda tomusky dynç alyş möwsümine badalga berlip, çagalar sagaldyş-dynç alyş
merkezlerinde çagalaryň 11 müňe golaýy dynç aldy. Ýokary okuw mekdepleriniň
ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy, orta mekdepleriň 6-sy bu guramanyň mekdepler
assosiasiýasynyň toruna girizildi.
Ýanwar — iýun aýlarynda ylmy
barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy, okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň,
maksatnamalaryň 1 müň 696-sy makullanyldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar”, “Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy
maslahatlar, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň
ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guramaçylykly geçirildi. Ajaýyp türkmen şahyry
we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly
maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.
Saglygy goraýyş ulgamy barada
aýdylanda, bu babatda amaly lukmançylyga keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň
öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak işi dowam etdirildi. Hasabat döwründe
“Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 —
2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy. X türkmen-german forumy
geçirildi, daşary ýurtly alym-lukmanlar bilen tejribe alşyldy. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we
bejergiler geçirildi. Täze hassahanalaryň gurluşyk işleri batly depginlerde
alnyp baryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, Aşgabatda
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we
Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Ýurdumyzda ilaty zerur derman we
beýleki serişdeler bilen elýeterli üpjün etmek maksady bilen, dermanhanalar
ulgamy döredildi.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde 111 altyn, 102 kümüş, 155 bürünç
medal gazanyldy. Sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan
sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň
açylmagy mynasybetli bu ýerde “Arkadag şäheri — sanly we “akylly”
tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Tejribe alyşmak
we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, türkmen wekilleriniň 537-si
daşary ýurtlara iberildi we dünýä ýurtlaryndan 69 hünärmen döwletimize iş
sapary bilen geldi. Şu ýylyň birinji ýarymynda bilim, ylym, saglygy goraýyş,
sport babatda halkara resminamalaryň 33-sine gol çekildi.
Soňra wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işde goýberen kemçilikleri üçin, G.Agamyradowy
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy.
Bedenterbiýe we sport baradaky
döwlet komitetiniň başlygy wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň rektory bolup işlän A.Saparow bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory
wezipesine H.Nunnaýewi belläp, ony şol institutyň ylmy işler boýunça prorektory
wezipesinden boşatdy we täze wezipede üstünlik arzuw etdi.
Şeýle hem
mejlisiň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň okuw
işleri boýunça prorektory wezipesine S.Ataýew, ylmy işler boýunça prorektory
wezipesine M.Piriýew bellenildi.
Ministrler
Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dürli okuw
mekdeplerinde okuwa kabul etmäge degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere
okuw mekdeplerine kabul etmek möwsümine berk gözegçilik etmegi üpjün etmegi
tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowa we onuň gözegçilik
edýän ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, täze okuw ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk
görüp başlamagyň hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil we düýpli
abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny
guramaçylykly we adalatly geçirmek, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak
tabşyryldy. Şeýle-de bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny
kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik
möçberde üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýşy bilen bagly
meselä degip geçip, döwrebap hassahanalarda hyzmatlary ýokary hilli ýola
goýmagyň, lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, derman senagatyny has-da
ösdürmek, ilaty ýokary hilli derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen doly
üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Sport
desgalaryny netijeli dolandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport
bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça sazlaşykly işleri geçirmek möhüm
wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply
we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde
öndürmegiň ylmy esaslaryny hem-de tehnologiýalaryny işläp düzmek, önümçilige
ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamalydygyny nygtady.
Ahal
welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Häzirki
wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş bölümlerinden galla
kärhanalaryna daşamak, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş
işlerini geçirmek, ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda
hatarara bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine
ýetirilýär. Ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak we ilata
ýetirmek bilen bir hatarda, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän
ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriň ekişine taýýarlyk işleri
alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin,
Ý.Gurbanowy eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň
häkimi wezipesine R.Hojagulyýewi belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.
Balkan
welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji J.Annaýew sebitde şu
ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we
ammarlara daşamak, ýerleşdirmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bugdaý
oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen,
sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem ýeralmanyň,
gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler
bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça işler utgaşykly dowam edýär.
Mejlisiň dowamynda
Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine H.Aşyrmyradow bellenilip, ol Ahal
welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, Balkan welaýatynyň
häkimine işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Daşoguz
welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şu ýylyň
ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla hasyly ýygnalan meýdanlarda ýerleri geljek
ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlamak üçin sürüm we tekizleýiş işleri
alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryny
berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we
gurallary doly güýjünde işledilýär. Ýetişdirilen ýeralma we beýleki gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, N.Nazarmyradowy, başga işe
geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi
wezipesine S.Soltanmyradow bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi
wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip,
Daşoguz welaýatynyň häkimine işinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine
ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmek, ýerden bol
hasyl almak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda
welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek,
galla kärhanalarynda talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär.
Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen
birlikde, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ýetişdirilen ýeralma,
gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bu
önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri dowam edýär.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak barada
öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň
ekin meýdanlarynda ýetişdirilen galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap
almak işleri dowam edýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş
işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryny
berk berjaý etmek arkaly alnyp barylýar. Welaýatda ýetişdirilen gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen
ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek
boýunça degişli işler utgaşykly dowam edýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, D.Annaberdiýewi, işde goýberen düýpli
kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Mary
welaýatynyň häkimi wezipesine B.Orazow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz degişli
resminamalara gol çekip, Mary welaýatynyň häkimine işinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän
pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, obasenagat
toplumynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, welaýatlarda oba hojalyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi.
Obasenagat
toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 105,2 göterime barabar boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy
goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105 göterime, Suw hojalygy baradaky
döwlet komiteti boýunça 107,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça bolsa, 102 göterime deň boldy. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda azyk
önümleriniň önümçiliginiň görkezijileri barada hasabat berdi. Hususan-da, gök
önümleri öndürmegiň ösüş depgini 129,6 göterime, bakja önümlerini öndürmegiň
ösüş depgini 114,9 göterime, ýeralmanyň önümçiliginiň ösüş depgini 117,4
göterime, ir-iýmişleri öndürmegiň ösüş depgini 102,5 göterime deň boldy. Maýa
goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 269,3 göterim ýerine ýetirildi.
Şu günler
sebitlerde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we
elewatorlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini alyp
barmak boýunça çäreleriň görülýändigi aýdyldy. Gowaça ekilen meýdanlarda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak hem-de gowaçanyň
zyýankeşleriniň, keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda
agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Dünýäniň
öňdebaryjy döwletleriniň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän suw
tygşytlaýjy tehnologiýalaryny öwrenmek we olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça
degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işde goýberen düýpli
kemçilikleri üçin, A.Altyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri
wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki
döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatda döwlet syýasatyny has netijeli
amala aşyrmagyň, azyk howpsuzlygy we beýleki önümçilik bilen bagly wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu maksat bilen, Oba hojalyk we daşky
gurşawy goramak ministrligini bölmek, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini
hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek barada karara gelendigini
aýtdy.
Oba hojalyk
ministri wezipesine N.Nazarmyradow, daşky gurşawy goramak ministri wezipesine
bolsa häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak,
tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy
bolup işleýän Ç.Babanyýazow bellenildi.
Mejlisiň
dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen
alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti wezipelerine B.Rejepow
bellenildi. Degişli resminamalara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow täze bellenen ýolbaşçylara işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýer T.Atahallyýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine we
obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalyk önümleriniň,
hususan-da, gallanyň we gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk, usuly
işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän
bugdaýyň tohumyny ekmek we onuň ätiýaçlyk goruny döretmek boýunça degişli
işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk we beýleki oba hojalyk
önümleriniň, ot-iýmlik ekinleriň önümçiligini artdyrmagyň wajypdygyna ünsi
çekip, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw tygşytlaýjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi, Türkmenistanyň
sanitariýa we fitosanitariýa kadalaryny, karantin düzgünlerini halkara
tejribeden ugur alyp kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Döwlet ýer kadastry maglumatlarynyň ýeke-täk ulgamyny şu ýylyň
ahyryna çenli işe girizmek üçin işleri çaltlandyrmak barada görkezme berdi. Şu
ýyl gowaçanyň bol hasylyny öndürmek üçin häzirden zerur işleri geçirmek,
kärendeçilere we beýleki oba hojalyk önüm öndürijilere hemmetaraplaýyn ýardam
bermek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Soňra Aşgabat
şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky
edara-kärhanalarda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 123 göterim berjaý
edildi. Geçen alty aýyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça düýpli
maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 128,4 göterim ýerine
ýetirildi. Şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde jemi 707 hojalyga
niýetlenen 90 sany — “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 9 gatly, 108 we 54 öýli,
Büzmeýin etrabynda 14 sany 4 gatly, 32 öýli we 1 sany 4 gatly, 24 öýli,
Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 73 sany iki gatly ýaşaýyş
jaýy hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanmaga berildi. Şeýle
hem Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan degişli gulluklar bilen bilelikde
paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga büremek,
arassaçylyk tertip-düzgünini saklamak, şäheriň ähli durmuş ulgamlarynyň
bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini
mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç
almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň, ähli amatlyklary bolan binalaryň,
ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň gurluşygyny dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi
çekdi. Şeýle-de şäherde binalary we desgalary, şol sanda durmuş maksatly
desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny göwnejaý saklamak üçin olara öz wagtynda tehniki
taýdan hyzmat edip durmak tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler
ministrliginiň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, halkara guramalar bilen gatnaşyklary
pugtalandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp baryldy. Hasabat döwründe
hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna, Katar Döwletine hem-de
Täjigistan Respublikasyna döwlet saparlaryny, Bahreýn Patyşalygyna resmi
sapary, Azerbaýjan Respublikasyna, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna we
Türkiýe Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy.
Şu ýylyň
birinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe
Respublikasynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Eýran Yslam
Respublikasynda we Saud Arabystany Patyşalygynda saparlarda boldy.
Şeýle hem
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň we Wengriýanyň
Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary guraldy. Häzirki wagtda meýilleşdirilen
halkara çärelere taýýarlyk boýunça degişli işler geçirilýär.
Hasabat
döwründe Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça birnäçe daşary ýurt
wekiliýetleri Türkmenistana geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň wekiliýetleri daşary
ýurtlaryň birnäçesine ugradyldy. Dürli derejede, şol sanda sanly ulgam arkaly
duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň
şertnama-hukuk binýadynyň üsti 151 resminama bilen ýetirildi. Daşary işler
ministrlikleriniň derejesinde gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýylyň
başyndan bäri bu ugurda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we geňeşmeleriň birnäçesi
geçirildi. Ýurdumyzyň daşary-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek
maksady bilen, bilelikdäki hökümetara toparlaryň, beýleki degişli düzümleriň
mejlisleri, işewürlik duşuşyklary, forumlar, “tegelek stoluň” başyndaky
söhbetdeşlikler guraldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, özara bähbitli
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny
belledi. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň ekologiýa
ugurly başlangyçlaryny öňe sürmek we bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Milli
ulag-logistika, ýangyç-energetika, tebigaty goramak we ekologiýa
diplomatiýamyzy nazara alyp, halkara guramalar bilen netijeli işleri dowam
etdirmek möhümdir. Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleri guramak
boýunça teklipleri berip, şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen halkara
çärelere düýpli taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we
wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen kanun
çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.
Alty aýyň
dowamynda milli parlamentiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, olaryň barşynda
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 29-sy, Mejlisiň kararlarynyň 31-si kabul edildi.
Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda iş
toparlarynda raýat hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Raýat kodeksini, harby borçlulyk we harby gulluk,
gidrometeorologiýa işi hakynda we başga-da birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak
boýunça işler dowam etdirilýär.
Halkara
guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady
bilen, duşuşyklaryň 51-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary hem-de hünärmenleri
halkara düzümler bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek
meseleleri boýunça geçirilen forumlaryň 48-sine gatnaşdylar, daşary ýurtlara iş
saparlarynyň 20-sini amala aşyrdylar. Şu döwürde “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy,
durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara
maslahat geçirildi. Bellenilişi ýaly, deputatlar ilata içeri we daşary
syýasatyň maksatlaryny we wezipelerini, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň
many-mazmunyny düşündirmek boýunça dürli çärelere, milli senenamamyzyň şanly
seneleri mynasybetli guralýan dabaralara, maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar.
Döwlet
Baştutanymyz kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri
işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna
ýüzlenip, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň netijeli
ösdürilendigini, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze
kärhanalary döretmek boýunça zerur işleriň alnyp barlandygyny belledi.
Ýurdumyzyň
daşary syýasy strategiýasy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler
Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklaryň alnyp
barylýandygyny aýtdy hem-de energetika we suw howpsuzlygy, ekologik meseleler
babatda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygyny nygtady. Şunda ulag,
bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny, azatlyklaryny
goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şol bir wagtyň özünde, geçen ýarym ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime
deň boldy. Ýurdumyzda senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň
gerimde dowam etdirilýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe
ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar
özleşdirildi.
Hormatly
Prezidentimiz geçen ýarym ýylda «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyk gelýän
Arkadag şäheriniň açylandygyny, şeýlelikde, täze şäheriň halkara sylaglaryň
21-sine mynasyp bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şäheriň gurluşygynda
öňdebaryjy maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy ilat üçin
oňaýly, howpsuz durmuşy üpjün eder.
Ýerli
gurluşykçylar tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda şular ýaly şäheriň
döredilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň aýdyň nyşanydygyny
belläp, döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda hormatly Arkadagymyzyň
ýolbaşçylygynda Garaşsyz döwletimizi ösdürmek boýunça uly işleriň ýerine
ýetirilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, mejlise
gatnaşyjylary we merdana halkymyzy täze Arkadag şäheriniň ulanmaga berilmegi
bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Ýurdumyzyň
welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň
inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini belläp,
Arkadagly Serdarymyz senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we
beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň meýilnama esasynda alnyp barylýandygyny
nygtady. Şu ýyl gallanyň bol hasyly ýygnaldy. Bu bolsa azyk howpsuzlygyny üpjün
edýär.
Ýurdumyzyň
energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatynyň
kesgitlenen meýilnamalara laýyklykda dowam edýändigini aýdyp, döwlet
Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň
taslamasynyň, şeýle hem beýleki sebit taslamalarynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şol bir wagtyň özünde, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmegiň, eksport
harytlarynyň möçberini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet
maksatnamalarynyň netijeli amala aşyrylýandygy nygtaldy. Häzirki wagtda
ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak
boýunça zerur işler geçirilmelidir. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini
artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine
möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny
amala aşyrmaga köp möçberde serişde goýmak dowam etdirilmelidir diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şu ýylyň
ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli çäreleriň meýilleşdirilendigini
belläp, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk
baýramlarynyň, hemişe bolşy ýaly, örän ýokary derejede geçirilmelidigine, beýik
akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk
işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda
degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Garaşsyzlyk
baýramynyň bellenilýän günlerinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, hormatly
Prezidentimiz mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň,
ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleriniň jemleniljekdigini,
döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, öňde durýan möhüm
wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli
ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri
bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden
düýpli taýýarlyk görüp başlamaly. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk
Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak,
geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk
toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse,
maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow guramaçylyk toparyna Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy,
ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly
abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara
hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli
işleri geçirmegi tabşyryp, bu işleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra
bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ýerine ýetirilmelidigini
belledi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň
ahyrynda ýurdumyz boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň erbet bolmandygyny
aýtmak bilen, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen
alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbe, ýekşenbe we
duşenbe günleri maslahatlary geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan we welaýat häkimlerinden
beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat
berýändigini aýtdy. Hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi Awazada,
“Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da beýleki şypahanalarda dynç alyp biler.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň
käbir beýleki möhüm meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.