Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

17-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol şu ýylyň alty aýynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, harby gulluga çagyrmagyň we ondan boşatmagyň ýazky möwsüminiň tamamlanandygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goşunlaryň ähli kysymlaryny döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmegiň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasy ugry bolup durýandygyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berk berjaý edilmegine gözegçilik etmekde alnyp barlan işler hem-de bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygy we tertip-düzgüni pugtalandyrmagyň, Garaşsyz döwletimizde raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň bu edaranyň öňünde durýan möhüm borçlarynyň biridigini belledi. Ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy barlaglaryň netijeleri boýunça prokuror gözegçiligi babatda netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, anyk görkezmeleri berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow garamagyndaky düzümleriň jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyna garşy göreşmek işini talabalaýyk alyp barmak boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem bu edaralaryň ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly işlere, howanyň aşa derejede gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmek babatda ministre degişli görkezmeleri berdi. Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu ulgamyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu düzümde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kazylaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Serdar Berdimuhamedow kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen esasy wezipelere aýratyn ünsi çekdi hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmak we olaryň işinde döwrebap usullary ulanmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, syýasy durnuklylygyň, raýatlarymyzyň mizemez bitewüliginiň we jebisliginiň, olaryň döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmeginiň ýurduň düýpli özgertmeleriň ýoly bilen üstünlikli ilerlemeginiň kesgitleýji şertleridigini nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwlet serhediniň goňşy ýurtlaryň ählisi bilen hemişe dostluk serhedi bolmalydygyny belledi.

Adalat ministri M.Taganow birinji ýarym ýyllykda garamagyndaky düzümiň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, raýatlara hukuk kömegini bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hereket edýän kanunçylygy seljermek we ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermegiň we milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyk getirmegiň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrmagyň zerurdygy aýdyldy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, degişli ösüş Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şol sanda üstaşyr ýükleriň artýan akymyny kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine ünsi çekip, gümrük düzgünleşdiriş çäreleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji A.Sazakow ýylyň başyndan bäri gullugyň işine sanly ulgamy we döwrebap usullary ornaşdyrmak, degişli ösüş Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, A.Sazakowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi hem-de ony bu gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Şoňa görä-de, biziň şu maksatlara esaslanyp kabul eden Harby doktrinamyz hem diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk hem yzygiderli kämilleşdireris, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini gowulandyrarys, ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe beýleki meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

www.tdh.gov.tm


Yza

Şeýle hem okaň