2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet
ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň
dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin
durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk
bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy.
Forumyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen, ministr 2030-njy ýyla çenli
Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek hem-de milli we halkara
derejelerde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin Türkmenistanyň ileri tutýan
ugurlaryny beýan etdi.
Çykyşda ählumumy ösüş maksatlarynyň orta we uzak möhletli milli
durmuş-ykdysady maksatnamalara we strategiýalara ornaşdyrylmagynyň ýokary
derejesi bellenildi.
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ilatyň
ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge,
ählumumy, adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleri döretmäge, daşky
gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmäge, ykdysady işjeňligiň ähli ugurlarynda
täzeçillik girizmäge gönükdirilendir. Pandemiýa döwründe Türkmenistanyň aglaba
pudaklarynyň ösüşini peseltmän, eýsem, ykdysady ösüşiň durnuklylygyny saklamagy
başarandygy bellendi.