Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli
edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň karar çykardy.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini
2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrylar we ony Aşgabat şäherindäki
Maslahat köşgünde geçiriler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek
boýunça guramaçylyk topary döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi hem-de
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň
Tertibi tassyklandy