Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy

17-nji iýulda  Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsümi badalga aldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 17-nji iýul — 28-nji awgust aralygynda guramak tabşyryldy.

Şeýle-de, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutany degişli döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Bu topara kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

Mundan başga-da, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, kabul edişlik möwsümi ilkinji gününden ýokary işjeňligi bilen tapawutlandy. Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde orta mekdepleriň uçurymlary üçin ýörite gepleşikler taýýarlanylyp, olarda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde geçirilen «Açyk gapylar» günleri barada gürrüň berildi.

Belläp geçsek, täze Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna şu ýyl ilkinji gezek talyplar kabul edilýär. Şu ýyl täze hünär bilim edaralarynyň hatarynda bolsa Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini görkezmek bolar.

 


Yza

Şeýle hem okaň