Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşlygynda saparda bolýar

18-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar ugratdylar. Uçuşyň öňüsyrasynda howa menzilinde Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň uçary Jidda şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, Aýlagdaky arap döwletleriniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanyny Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi hem-de iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary we uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden iş sapary döwründe özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Şu gün — 19-njy iýulda saparyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar. Onuň gün tertibine sebit derejesinde döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri giriziler.

 


Yza

Şeýle hem okaň